Hytaý Halk Respublikasynyñ Türkmenistandaky Ilçisi: esasy sözlerde Hytaýa garaýyş (26-njy göýberiliş)
17.09.2024 | 23:51 |4-6-njy sentýabr aralygynda Pekinde 2024-nji ýylyñ hytaý-afrikan hyzmatdaşlygynyñ Maslahatynyñ (HAHM) sammiti geçirildi. Hytaý-Afrika sammitiniñ barşynda "Ýokary derejede umumy ýaşaýşyñ hytaý-afrikan bileleşigini döretmegiñ hatyrasyna döwrebaplaşmany ösdürmek üçin tagallalaryñ birleşdirilmegi" mowzuk boýunça hytaý-afrikan dostlugynyñ ösüş prosessiniñ netijelerine garaldy, HAHM netijeleriniñ durmuşa geçirmek boýunça ösüşe baha berildi, Hytaý-Afrika köptaraply hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça anyk syýasy ylalaşyga ýetildi hem-de iki möhüm resminama - "Pekin Jarnamasyna" we "Hereketleriñ meýilnamasyna" gol çekildi.
Türkmenistanda HHR-iñ Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hökmünde, men Türkmenistanly hormatly dostlarymyzy Sammitiñ barşynda ýetilen möhüm ylalaşyklary we esasy netijeleri bilen tanyşdyrmaga taýýardyrys.
1-nji esasy söz: ähli meseleleri öz içine alýan strategiki hyzmatdaşlyk
Hytaý bilen diplomatik gatnaşyklaryny ýola goýan afrikan ýurtlary bilen Hytaý ähli meseleleri öz içine alýan strategiki hyzmatdaşlygy gazandy. Sammitiñ dowamynda Hytaý jemi 30 ýurt bilen strategiki hyzmatdaşlygy ýola goýdu ýa-da onuñ derejesini ýokarlandyrdy. Hytaý 53 afrikan strategik hyzmatdaşlary bilen el-ele durup, Hytaý we Afrika halklarynyñ maddy-hal ýagdaýyny ýokarlandyrmakda we bütin dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde has uly ähmiýete eýe bolar.
2-nji esasy söz: gatnaşyklaryñ umumy ýagdaýyny täze derejä çykarmak
Hytaý-afrikan gatnaşyklarynyñ umumy ýagdaýy täze döwürde umumy durmuşyñ ähli ýylky bileleşigi derejesine çenli ýokarlandyryldy. Takmynan soñky 70 ýylyñ içinde ýadawsyz aladalaryñ netijesinde Hytaý bilen Afrikanyñ arasyndaky gatnaşyklary bütin taryhy döwürleri boýunça iñ ösen ýagdaýyny başdan geçirýär. Täze görnüşli hyzmatdaşlykdan hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlygyna we täze döwürde umumy durmuşyñ ähli ýylky bileleşigine çenli hytaý-afrikangatnaşyklarynyñ derejesi yzygider ýokarlanyp, olar has anyk ýagdaýa we baý mazmuna eýe bolýarlar.
Bu bolsa Hytaýyñ we Afrikanyñ 2,8 milliardlyk halklarynyñ ähli kynçylyklary el-ele ýeñip geçip, öñe gitmäge bolan berk tutanýerliligini görkezip, adamzadyñ umumy durmuşynyñ bileleşigini döretmek boýunça beýik işiniñ täze sahypasyny açýar.
3-nji esasy söz: döerebaplaşmany bilelikde ösdürmek boýunça teklipleriñ kesgitlenilmegi
Sammitiñ barşynda Hytaýyñ we Afrikanyñ döwrebaplaşmagyny bilelikde ösdürmek boýunça esasy 6 teklip beýan edildi. Başlyk Si Szinpin Hytaýyñ we Afrikanyñ "halk hemme zatdan ýokary" diýen ruhunda adalatly we rejeli, açyk we özara bähbitli, köpdürli we inklýuziw, ekologiýa taýdan arassa hem-de parahatçylyga we howpsuzlyga esaslanýan döwrebaplaşmany teklip etdi. Bu bolsa afrikan liderleri tarapyndan giñden goldanyldy, Hytaýyñ we Afrikanyñ arasynda syýasy ylalaşygy döretdi, döwrebaplaşmanyñ kanunalaýyklyklaryna düýpli düşünilmegini añlatdy. Bu öz gezeginde döwrebaplaşmany çaltlandyrmakda Ählumumy Günortanyñ ugrunyñ kesgitlenilmegine hem-de bütin dünýäde döwrebaplaşmanyñ ösdürilmegine möhüm we dowamly täsirini ýetirer.
4-nji esasy söz: geljekki hyzmatdaşlygyñ meýilnamasyny işläp taýýarlamak
Sammitiñ dowamynda indiki tapgyr üçin Hytaýyñ we Afrikanyñ arasyndaky hyzmatdaşlygyñ meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy. Taraplar geljekki üç ýyl döwür üçin hytaý-afrikan hyzmatdaşlygynyñ berkidilmegine gönükdirilen Hytaý Jarnamasyny we Hereketleriñ meýilnamasyny kabul etdiler. Başlyk Si Szinpin indiki üç ýylda Hytaý afrikan tarapy bilen bilelikde döwrebaplaşmany bilelikde ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk hereketleriniñ esasy 10 meýilnamasyny durmuşa geçirjekdigi barada habar berdi: medeniýetleriñ özara kabul edilmegi; söwdanyñ gülläp ösmegi, önümçilik baglamalary boýunça hyzmatdaşlyk, saglygy goraýyş, haklaryñ bähbidine oba hojalygyñ ösdürilmegi, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygyñ, "ýaşyl" ösüş we howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyñ döredilmegi.
5-nji esasy söz: adamzadyñ umumy durmuşynyñ bileleşiginiñ döredilmegi
Sammitiñ barşynda Hytaý we Afrika halkara ýagdaý we ählumumy dolandyryş babatda heteketleri strategik taýdan deñeşdirdiler, özara bähbitli meselelerde biri-birini goldamaga, ösüp barýan ýurtlaryñ umumy bähbitlerini goramaga, halkara adalatlylyga ýardam etmäge; hakyky köptaraplylygy durmuşa geçirmäge, esasy üç ählumumy başlangyçlaryny amala aşyrmakda ýardam etmäge, deñhukukly we düzgünli köpgapma-garşylylyga we umumy ýeterli we inklýuziw ykdysady ählumumylaşma ugrunda çykyş etmäge; "kiçi howlylary we beýik diwarlary" aradan aýyrmaga, hukuklaryñ kemsidilmegine we ters pikirlere garşy göreşmegi, taryhy adalatsyzlygy düzetmäge, döwrebaplaşma işini we ähli haklaryñ bähbidi üçin ösüşi ösdürmäge ylalaşdylar.
Sammit Hytaýyñ we Afrikanyñ bilelikdäki ösüşe bolan ymtylmalarynyñ anyk sesini beýan edip, hyzmatdaşlykda we raýdaşlykda "Ählumumy Günortanyñ" berk ynanýandygyny açyp görkezdi. "Hytaý-Afrika sammitiniñ" hepdeligi adamzadyñ umumy durmuşynyñ bileleşigini döretmekde "Günortanyñ pursadyny" alamatlandyrdy.
Sýan Naýçen HHR-nyñ Türkmenistandaky Ilçisi