Iň täze habarlar

Stambulyň tylla güýzdäki gözelligi

12.09.2024 | 11:21 |
 Stambulyň tylla güýzdäki gözelligi

Türkiýäniň ajaýyp metropolisi bolan Stambul şäheri, jahankeşdeleri güneşiň şöhlesine çalymdaş altynsow öwüşgine beslenýän günlerinde, ýagny sentýabr aýynda syýahat etmäge çagyrýar. Şeýlelikde, onuñ binagärlik keşbi bilen tanşyp, köp dürli medeniýetiñ sazlaşygyndan kemala gelen aşpezlik sungatyndan lezzet alyp gyzgalañly wakalarynyñ şaýady bolup bilersiñiz.

Taryha gezelenç

Köplenç “Aziýanyň we Ýewropanyñ duşuşýan ýeri” diýlip atlandyrylýan Stambul şäherinde örän köp taryhy ýadygärliklere, döwrebap desgalara, köp gatly binalara we Osmanly ımperiýasyna degişli köşklere duş gelip bilersiñiz. Sentýabr aýy şäheriñ taryhyna ser salmak üçin iň amatly mümkinçilikleriň döwrüdir. ÝUNESKO sanawynda görnükli orna mynasyp bolan, şeýle hem şäheriñ iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülen Taryhy Ýarym adada Stambulyň şöhratly taryhynyň yzlaryny görüp bolýar. Grand bazar, Süleýmaniýe metjidi, Aýasofýa, Bazilika sisternasy, Soltan Ahmet metjidi we Topkapy köşgi ýaly taryhy-medeni ähmiýetli obýektler bu ýerde ýerleşýär.

Ylham berýän peýzažlar

Stambulda Gündogar bilen Günbataryň kesişýän ýeri, şeýle hem dünýäniň iň meşhur bogazy (iki deňziň arasyndaky inçejik suw boşlugy) bolan Bosfor ýylyň dört paslynda-da özboluşly gözelligi bilen göreni haýrana goýýar. Türkiýede günüñ ajaýyp başlangyç çeşmesi hasaplanýan ertirlik naharyny Bosforyñ kenarynda edinmegi maslahat berýäris. Ol sizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrar. Şeýle hem, Eminönü ýaly kenarýaka zolaklarynda gezelenç edip, owadanlygy we özboluşly binagärligi bilen tapawutlanýan taryhy binalary we köşkleri synlap bilersiñiz. Bosforyň “Golden Horn” aýlagyna seredip duran Galata diňi, Anadoly Hisary, Pierre Loti depesi, şeýle hem Gyz diňi ýaly şäheriň köp sanly synlaýyş meýdançalaryndan günüň ýaşyşyny synlanyñda köňlüň heýjana gelýär!

Stambulyñ medeniýetler dünýäsine syýahat

Stambulda wagtyñyzy gyzykly geçirmegiñ ýene bir usuly bolsa onuñ ajaýyp muzeýlerine baryp görmekdir. Muzeýler şäheriñ medeniýeti, sungaty we taryhy bilen tanyşmaga ýardam berýärler. Stambul muzeý petegi bilen şäheriň iň ajaýyp muzeýlerine, şol sanda Kariýe (Chora) metjidi muzeýine we Stambulyñ arheologiýa muzeýine girip bilersiñiz. Mundan başga-da, Galataport desgalarynda ýerleşýän Türkiýäniň ilkinji häzirki zaman döwrebap sungat muzeýi bolan Stambul Moderne baryp görmegiñizi maslahat berýäris.

Şäheriň gyzgalañly durmuşuna aralaşmak

Sentýabr aýy Stambulda diýseñ şowhunly geçýär. Geçirilýän aýdym-sazly konsertler, sergiler, filmleriñ görkezilişi, şeýle hem aşpezlik festiwallary ýaly köp sanly dabaraly çäreler ýerli ılatyñ we şähere gelýän daşary ýurtly myhmanlaryñ şatlygyny goşalandyrýar. Şähere gelmezden ozal dürli çärelere ýer belletmek (bronlamak) üçin Atatürk medeniýet merkezi (AKM) ýaly döwrebap sungat merkezleriniň sentýabr aýynda geçirýän medeni çäreler meýilnamasyna göz aýlap bilersiňiz. Şeýle hem, sentýabryň ahyrynda şäheriň iň uly we tolgundyryjy çäresi bolan “Beýogly medeniýet ýoly” festiwalyna badalga berilýändigini belläp geçmek gerek. Eger-de 6-njy oktýabra çenli Stambulda bolsaňyz, festiwalyň çäklerinde Beýogly etrabynyň dürli ýerlerinde geçirilýän köp sanly medeni we döredijilik çärelere gatnaşyp bilersiňiz. Mundan başga-da, ýahta söýüjiler üçin her ýyl Bosfor bogazynda “Bosphorus Cup” atly ýelkenli sport ýaryşy geçirilýär. Bu ýyl 19-22-nji sentýabr aralygynda geçiriljek bu ýaryşyñ tolgundyryjy pursatlara baý bolmagyna garaşylýar. Sebäp diýseñ bütin dünýäden ýahtajylar bäsleşerler.

Stambulyň aşpezlik sungatyndan lezzet almak

Edil şäheriň özi ýaly tagamlary hem dürli-dürli we özboluşlydyr. Bu ýerde kaşañ restoranlarda, şeýle hem ýoluñ gyrasynda taýýarlanyp satylýan naharlardan garbanyp, gastronomiki lezzetleriň açyşyny edip bilersiñiz. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Stambul – gastro city statusyny äşgär edýän MICHELIN aşpezlik gollanmasynyñ sanawynda mynasyp orny eýeleýär. Şäheriň Mıchelin ýyldyzly restoranlary, myhmanlaryny ajaýyp tagamlaryñ ýokary derejede hödür-kerem edilýän dünýäsine çagyrýarlar.

ORIENT news

Foto: Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: