Göreş boýunça geçirilen ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda Türkmenistan ilkinji altyn medalyna eýe boldy
10.09.2024 | 15:55 |18 ýaşly Alp Arslan Begenjow 20 ýaşa çenli göreşçileriň arasynda geçirilýän U-20 erkin göreş boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistandan ilkinji bolup altyn medala eýe boldy. Ýaryş Ispaniýanyň Pontewedere şäherinde geçirildi.
Begenjow 79 kg çenli öz agram toparynda çykyş edip, oňa 27 türgen gatnaşdy. Ol garşydaşlaryna bir utuk hem bermän, ähli tutuşyklaryny ýeňmek bilen ýaryşy jemi 46:0 hasap bilen tamamlady. Jemleýji tutuşykda ol Amerikaly göreşçi Zakari Raýderi 5:0 hasap bilen ýeňmegi başardy.
Bu agram toparda kümüş medallara Eýranly we Braziliýaly türgenler mynasyp boldular. Begenjowyň ýeňişi mynasybetli arenada Türkmenistanyň baýdagy ýokary galdyrylyp, milli gimn ýerine ýetirildi.
ORIENT news