Iň täze habarlar

Aktýor Jeki Çan Parižde Paralimpiýa oýunlarynda alaw oduny göterer

27.08.2024 | 01:50 |
 Aktýor Jeki Çan Parižde Paralimpiýa oýunlarynda alaw oduny göterer

28-nji awgusta meýilleşdirilen Parižde Paralimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hytaýly aktýor Jeki Çan gatnaşar. Oýunlarynyň guramaçylyk toparyna salgylanyp, BFMTV teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ol Paralimpiýa oýunlarynyň alaw oduny gowşurmak dabarasynyň gatnaşyjylarynyň arasynda bolar.

70 ýaşly Jeki Çan gowşurmak dabarasynyň öz gezegini ýerli wagt boýunça sagat 17:27 başlar. Açylyş dabarasy Ýeliseý meýdanlarynda we Agzybirlik meýdançasynda sagat 20:00 (Aşgabat wagty 23:00) başlar.

Alaw ody Paralimpiýa oýunlarynyň dörän taryhy ýeri bolan Beýik Britaniýada Stok-Mandewillde şenbe güni ýakylyp, ýekşenbe güni Fransiýa La-Manşyň aşagyndaky tunnelden ýetip gowuşdy. Ony inwalid arabasynda gylyçlaşma boýunça Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi Emmanuel Assman göterdi.

Alaw ody özüniň syýahatyny dowam edip, 12 sany Paralimpiýa oduna köpeldi. Bu alaw oduny 1000 sany alaw göterijiler takmynan 50 şäherde 12 sany bilelikdäki estafetada götererler.

Bu 12 sany estafeta Parižde çarşenbe güni açylyş dabarasy üçin birleşer. Paralimpiýa oýunlary Parižde 28-nji awgust – 8-nji sentýabr aralygynda geçiriler.

Foto: Getty Images

Şeýle hem okaň: