Iň täze habarlar

Özbegistanda robot-žurnalist işläp başlady

23.08.2024 | 14:45 |
 Özbegistanda robot-žurnalist işläp başlady

Media giňişligine täze görnüşleriň we düzgünleriň girizilmegi bilen okyjylara çalt we ygtybarly maglumat bermek üçin Özbegistanyň Milli habarlar gullugy emeli aňyň esasynda robot-žurnalistini döretdi.

Sobira Holdarowa atly robot-habarçysy resmi maglumatlary we iň soňky habarlary dokuz dilde – özbek, iňlis, rus, fransuz, arap, hytaý, nemes, ispan, gazak dillerinde berýär. Emeli aň wideo reportažlaryň gerimini hem kem-kemden giňelder.

Habarçynyň Sobira Holdarowa adynyň berilmegi tötänden däldir. Ol Merkezi Aziýada we Özbegistanda ilkinji zenan professional žurnalisti bolupdy. Habarçyny döretmek üçin žurnalist Dildora Abduhalilowanyň keşbiniň ulanylandygyny hem bellemelidiris.

ORIENT news

Foto: uza.uz

Şeýle hem okaň: