Iň täze habarlar

Türkmenistanyň kibersport ýygyndysynyň oýunçysy Aziýa ýaryşynda bürünç medala eýe boldy

22.08.2024 | 16:30 |
 Türkmenistanyň kibersport ýygyndysynyň oýunçysy Aziýa ýaryşynda bürünç medala eýe boldy

Türkmenistanyň Elektron sport federasiýasynyň habar bermegine görä, “Boboon” lakamy bilen “Çopan” toparynyň adyndan çykyş edýän Türkmenistanyň kibersport ýygyndysynyň oýunçysy Waleriý Grigorýans 18-nji awgustda geçirilen “Your Home Your Arena” ýaryşynda “eFootball Mobile” ugry boýunça bürünç medala mynasyp boldy.

Elektron sportuň Aziýa federasiýasynyň ýokary derejede geçirilen bu ýaryşy sebitiň iň ökde kiber türgenlerini birleşdirdi. Waleriý bolsa güýçli bäsdeşleri bilen bäsleşip, strategiki aňy görkezmegi başardy. Bu üstünlik Türkmenistanda kibersportuň ösüp, halkara arenada ýurduň öz mynasyp orun tutýandygyna şaýatlyk edýär. “Munuň ýaly abraýly ýaryşda gazanylan bürünç medal topar üçin uly üstünlik we geljekki ýeňişler üçin itergidir” – diýip, Federasiýada bellediler. Şeýle-de Waleriýniň mundan öň “PUBG Mobile” ugry boýunça çykyş edip, ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň kibersport ýygyndysynyň “eFootball Mobile” ugruna geçendigi barada belläp geçdiler.

“Your Home Your Arena” halkara ýaryşy Türkmenistanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň kiber türgenleriniň arasynda onlaýn görnüşinde geçirildi.

YHYA 2024 baýragy iki dinamiki toparda: A topary, B tiopary iki ýeňişe çenli aýlawly sistemada geçirilýän bäsleşik görnüşi. Hersinden iň ökde topar pleý-off çykmak üçin ýaryşdylar, bu bolsa çekeleşikli ýarymfinal oýunlaryna we grand-finala çykmak üçin göreşmek mümkinçiligini berdi.

A toparda KAZ.justNurba_kz we KGZ.Elturan11 pleý-off tapgyryna çykyş edip, şol bir wagtyň özünde B toparda UZB.From_Uzbekistan we TKM.baboon ýarymfinalda özüne ýer üpjün etdiler. Birinji ýarymfinalda KAZ.justNurba_kz TKM.baboon bilen duşuşyp, ikinji ýarymfinalda bolsa UZB.From_Uzbekistan bilen KGZ.Elturan11 ýaryşdylar. Ýaryşlar çekeleşikli ýagdaýda geçdiler, KAZ.justNurba_kz we UZB.From_Uzbekistan ýeňiji bolup, gyzgalaňly ýüzbe-ýüz ýaryşlardan soň finala çykmagy başardylar. Şolbir wagtda bolsa KGZ.Elturan11 we TKM.baboon üçünji ýer üçin gazaply söweş alyp bardylar.

Netijede bolsa, KAZ.justNurba_kz çempion adyna eýe bolup, UZB.From_Uzbekistan ikinji ýere, TKM.baboon bolsa üçünji ýere mynsayp boldular. 6000 amerikan dollardan ybarat baýrakly gaznadan KAZ.justNurba_kz 2500 ABŞ dollaryny, UZB.From_Uzbekistan 2000 amerikan dollaryny, TKM.baboon bolsa 1500 amerikan dollary gazanmagy başardylar. Elektron sportuň Aziýa federasiýasynyň bellemegine görä, baýarkly pullar ýeňiji ýurtlarda zenanlaryň we jemgyýetiň ösmek maksatnamalarynyň goldawy üçin ulanylar.

ORIENT news

Foto: tmesf.org

Şeýle hem okaň: