Iň täze habarlar

“Axiom Space” aý skafandrynda çalt LTE öýjükli aragatnaşyk peýda bolar

22.08.2024 | 12:26 |
 “Axiom Space” aý skafandrynda çalt LTE öýjükli aragatnaşyk peýda bolar

Kosmos syýahatçylygy we kosmos tehnologiýasy bilen meşgullanýan “Nokia” we “Axiom Space” kompaniýalary ýokary tizlikli 4G/LTE öýjükli aragatnaşyk mümkinçiliklerini täze aý skafandrasynda (kosmos giňişliginde adam janyny we daşky gurşawyň zyýanly täsirinden goramak ýörite geýim) birikdirer.

Öndürijiniň özi oňa “gäminiň daşyndaky ykjam moduly” (Axiom Extravehicular Mobility Unit, AxEMU) diýip atlandyrýar.

Skafandr HD-wideo, telemetrik maglumatlary we sesli jaňlary birnäçe kilometr aralykda geçirmegi goldaýar. Bu, “Artemis III” aý missiýasyna gatnaşyjylara Aýdan göni Ýerdäki dispetçer bilen wideo ýaýlyma bermäge we aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berer.

“Axiom Space, skadafandranyň täze nesliniň mümkinçiliklerini ösdürmekde Nokia bilen hyzmatdaşlyga örän şat” – diýip gäminiň daşyndaky işler boýunça ýerine ýetiriji wise-prezidenti Rassel Ralston aýtdy. Şeýle hem ol Aýa ýokary tizlikli 4G/LTE torunyň goşulmagynyň kosmonawtlary Ýer bilen birleşdirýän möhüm köpri boljakdygyny, şeýle hem möhüm maglumatlaryň alyş-çalşyny ýönekeýleşdirjekdigini we uzak aralyklarda ýokary hilli wideo aragatnaşygyny üpjün etjekdigini belledi.

Nokia 2024-nji ýylda “Intuitive Machines” kompaniýasynyň IM-2 missiýasynyň çäginde Aýda ilkinji öýjükli ulgamy ýerleşdirmegi meýilleşdirýär.

“Şeýle hem kosmonawtlara durmuş goldawy ulgamlary, ýaşyrmaklygyň we iýmitlenmegiň zerur bolşy ýaly, birek-birek bilen habarlaşmak üçin we möhüm işlerini ýerine ýetirmek üçin ösen ulgamlar gerek bolýar. Kosmosda belli bir kynçylyklary çözmek üçin innowasiýa we tehnologiýalar bilen bir hatarda, her gün Ýerde milliardlarça enjamy birleşdirýän şol bir ülňä laýyk tehnologiýalary ulanýarys "-diýip “Nokia”-yň düzümindäki “Bell Labs Solutions Research” korparasiýasynyň prezidenti Týerri E.Klýaýn aýtdy.

Doly özbaşdak LSCS ulgamy iki bölegi – ýerüsti öýjükli ulgamyň radio, esasy stansiýa we esasy tor elementlerini birleşdirýän tor modulyny we AxEMU-a birleşdiriljek modullary öz içine alýar.

Enjam taýýarlananda Aýyň üstündäki adatdan daşary şertler we kosmos uçuşy wagtynda artykmaç ýükler göz öňünde tutuldy. Şeýle hem ol göwrümine, agramyna we energiýany sarp edişine görä kämilleşdirildi.

ORIENT news

Foto: 3dnews.ru

Şeýle hem okaň: