Torbada hemra aragatnaşygy: şahsy aragatnaşyk üçin ykjam terminal döredildi
20.08.2024 | 14:05 |“Роскосмос” Döwlet korporasiýasynyň düzümine girýän “Спутниковая система “Гонец” kompaniýasy “Гонец-Автономный” atly kompaniýasy şahsy aragatnaşyk üçin täze ykjam hemra terminalynyň barlaglaryny üstünlikli tamamlady. Bu barada korporasiýanyň saýtynda habar berildi.
3 kg agramy bolan bu ykjam toplum torba ýerleşdirilip, ýerüsti torlaryndan daşary bolan ähli ulanyjylar üçin peýdaly bolar.
Düzümindäki Wi-Fi moduly Wi-Fi birikdirmesini we islendik häzirki zaman brauzeri işledip bilýän birnäçe smartfonlaryň we beýleki desgalaryň terminaly bilen bilelikdäki işleýşini üpjün edýär.
Bu ulgam maglumatlaryň dürli görnüşleriniň geçirilişini barlagdan geçirdi, şol sanda tekst maglumatlary, faýllary, suratlary we salgam maglumatlary.
Desganyň barlaglary doly tamamlandy. Häzirki wagtda kompaniýa onuň seriýaly çykarylyşyna taýýarlanýar.
ORIENT news