Iň täze habarlar

Ýaş türkmen küştçi gyzlary Merkezi Aziýa çempionatynda altyn we kümüş medallaryna eýe boldular

18.08.2024 | 16:40 |
 Ýaş türkmen küştçi gyzlary Merkezi Aziýa çempionatynda altyn we kümüş medallaryna eýe boldular

10-18-nji awgust aralygynda Korumduda (Yssyk-Köl, Gyrgyzystan Respublikasy) geçirilen oglanlaryñ we gyzlaryñ arasynda klassyky küşt boýunça Merkezi Aziýa çempionatynda ýaş türkmen küştçi gyzlary altyn we kümüş medallaryna eýe boldular.

8 ýaşa çenli gyzlaryñ arasyndaky toparda mümkin bolan 9 utukdan 7,5 utuk gazanyp, Mary welaýatyndan okuwçy gyz Aýlar Hemraýewa (FIDE sanawynda - 1483) altyn medala eýe boldy. Birinji tapgyrda ýeñlişe sezewar bolan Aýlar oýuna gaýdyp bilip, öñündäki dört partiýada (döw) ýeñiş gazanmagy başardy. 6-njy tapgyrda Aýlar deñ oyun geçirip, soñky geçiren üç oýnunda, şol sanda Gazagystandan bolan bäsdeşi Ameliýa Ametowany hem-de Gyrgyzystandan bolan bäsdeşi Amina Şergaliýewany ýeñmegi başardy. Olar bolsa netijede ikinji we üçünji ýerlere mynasyp boldular.

imgonline-com-ua-Frame-blurred-VPNEweZZvhp2.jpg

Şu ýylyñ ýazynda Albaniýada geçirilen blis boýunça dünýä çempionatynda 8 ýaşa çenli toparda ýedi ýaşly Aýlar mynasyp 4-nji orny eýeledi. Türkmenistanyñ at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowanyñ ýolbaşçylygynda tälim alýan zehinli gyzjagaz şu ýylyñ fewral aýynda ilkinji gezek Türkmenistanyñ çempiony boldy.

10 ýaşa çenli gyzlaryñ arasyndaky toparda mümkin bolan 9 utukdan 6,5 utuk gazanyp, aşgabatly okuwçy gyz, "Küşt älemi" ilkinji hususy küşt akademiýasynyñ okuwçydy Läle Wepaýewa (FIDE sanawynda - 1481) kümüş medala eýe boldy. 5-nji tapgyrdan soñ Läle diñe 2,5 utuga eýe bolup (1 ýeñiş, 1 ýeñliş, 3 deñ oýun), soñky dört tapgyrda dört möhüm ýeñiş gazandy, şol sanda turniryñ çempiony bolan Gyrgyzystandan Aimana Saizildaýewany (sanawda - 1549) ýeñmegi başaryp, hormat münberiniñ ikinji basgançagyna galdy. Güýçlüleriñ üçlügini Gazagystandan küştçi Inža Abibulla tamamlady.

Fewral aýynda geçirilen milli çempionatda 10 ýaşa çenli toparda Läle birinji onluga girip, biziñ ýurdumyzda ýaş gyzjagazlaryñ ýokary taýýarlyk derejesiniñ subutnamasy boldy.

Групповое фото.jpg

Ýaş gyzjagazlaryñ jemleýji "spurtlary" türkmen küştçileriñ diñe bir oýun derejesine däl, eýsem ýokary sport ruhuna we ýeñşe bolan ymtylyşa şaýatlyk edýär. Munuñ ýene bir subutnamasy - Merkezi Aziýa çempionatlarynda biziñ türgenlerimiziñ ýokary netijeliligidir. Ýurdumyzyñ bäş ýaş wekillerine iki medal gazanyldy. Umuman, turnire 300-den gowrak küştçi gatnaşdy, şol sanda Gyrgyzystandan 128 wekil, Gazagystandan 98, Özbegistandan - 69 gatnaşyjy.

Goňşy ýurtlardan gatnaşyjylarynyñ sanawynyñ köplügine garamazdan, umumy medal hasabynda biziñ ýurdumyz mynasyp 3-nji orna eýe boldy.

Turnir wagty klassiki hasaplama boýunça 9 tapgyrlyk şweýsar ulgamy boýunça geçirildi - her oýunça 90 minutdan, birinji ýöreýişden 30 minut goşmak bilen. Turniryñ netijeleri bu salgyda.

ORIENT news

Foto: TKF

Şeýle hem okaň: