Iň täze habarlar

Dünýädäki iň uzyn ralli bäsleşigi Stambulda başlaýar

10.08.2024 | 09:24 |
 Dünýädäki iň uzyn ralli bäsleşigi Stambulda başlaýar

“Anadolu” agentliginiň habaryna görä, dünýäde iň uzak ralliniň üçünji neşiri “İpek Yolu Rally” Stambulyň Soltanahmet meýdançasynda badalga aldy.

Ralli boýunça bäsleşigi Ýewropa Bileleşiginiň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen “Gündogar-Günbatar dostluk we parahatçylyk” ralli assosasiýasy tarapyndan gurnalýar. Ralli boýunça bäsleşige Türkiýe Respublikasy, Italiýa, Germaniýa, Awstriýa we Moldowa ýaly ýurtlardan sürüjiler gatnaşýar.

Açylyş dabarasy assosasiýanyň prezidenti Nadir Seriniň, ÝB-ne agza ýurtlaryň baş konsullyklarynyň we hökümete degişli bolmadyk guramalaryň wekilleriniň, şeýle hem köp awtoulag höwesjeňleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

“Biziň maksadymyz – bu ýerde ralli başdan geçirmeleri geçirmek” – diýip, Serin aýtdy.

Germaniýadan gelenleriň biri Türkmenistanyň tebigatynyň gözelligine we Samarkand we Buhara şäherlerine eden saparyna geň galandygyny belledi.

Türkiýeden soň gatnaşyjylar Eýranyň, Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň we Hytaýyň üstinden geçerler. Ralli bäsleşigi 28-nji awgustda Mongoliýanyň paýtagty Ulan-Bator şäherinde tamamlanar.

ORIENT news

Foto: centralasia.media

Şeýle hem okaň: