Iň täze habarlar

Serbiýada Nowak Jokowiçe muzeý gurular

10.08.2024 | 08:45 |
 Serbiýada Nowak Jokowiçe muzeý gurular

Serbiýada tennisçi Nowak Jokowiç üçin muzeý gurlar. Muny ýurduň Prezidenti Aleksandar Wuçiç Pariždaky erkekleriň arasynda ýekelikde geçirilen ýaryşda Nowak Jokowiç tennis karýerasyndaky ilkinji Olimpiýa altyn medalyny alandan soň aýtdy.

“Jokowiçiň ýurdumyzyň taryhyna goşan goşandyny ýeterlik derejede görkezmäge we jahankeşdeleri çekmäge synanyşarys. Diňe bu ýerde däl, aýdalyň ol Hytaýda-da meşhurdyr. Mysal üçin, bir hytaý döwlet işgärine Jokowiçiň raketkasyny berseňiz, ol kabul edip bilmez, sebäbi gaty gymmatly we ähmiýetli sowgat hasaplanar” – diýip, Aleksandar Wuçiç belledi we eýýam deslapky gepleşikleriň geçirilendigini aýtdy.

Wuçiç ýene bir milli ýadygärlige öwrüljek muzeýiň gurluşygynyň Belgradda 2027-nji ýylda geçiriljek Bütindünýä sergisinden öň tamamlanjakdygyna umyt bildirdi.

Nowak Jokowiçiň Pariždaky Olimpiýa oýunlarynyň finalynda ispaniýaly Karlos Alkarazdan üstün çykmagy, Andre Agassiniň, Rafael Nadalyň we Steffi Grafyň “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň dördüsinde-de we Olimpiýa oýunlarynda-da ýekelikde altyn medal gazanan tennisçileriň sanawyna goşulmaga mümkinçilik berdi.

ORIENT news

Foto: japantoday.com

Şeýle hem okaň: