Iň täze habarlar

Narendra Modi Türkmenistanda Tagoryň ýadygärliginiň açylmagynyň ähmiýetini belläp geçdi

03.07.2024 | 17:17 |
 Narendra Modi Türkmenistanda Tagoryň ýadygärliginiň açylmagynyň ähmiýetini belläp geçdi

Türkmenistanda görnükli hindi şahyry we filosofy Rabindranat Tagoryň heýkeliniň açylmagy iki ýurt üçin hem medeni we halkara hyzmatdaşlygy alamatlandyrýan möhüm waka boldy. Bu waka Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi tarapyndan dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi, ol bu çäräni Hindistan üçin uly hormat diýip atlandyrdy.

Premýer-ministr Narendra Modi özüniň «Mann Ki Baat» radiogepleşiginde bu çäräniň Hindistan üçin ähmiýetine ünsi çekdi we her bir hindiniň özüniň beýik watandaşyna buýsanýandygyny aýtdy. «Haýsy hindi bagtly bolmazdy? Gurudew we Hindistan üçin bu uly hormat» diýip, Modi ýadygärligiň hindi medeniýeti we halkara derejesinde ykrar edilmegi üçin ähmiýetini nygtady.

Tagoryň ýadygärligi 18-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda açylan iri medeni-seýilgäh toplumynyň bir bölegine öwrüldi. Bu toplum türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 60 metrlik ýadygärligini hem-de dürli ýurtlaryň we döwürleriň meşhur şahyrlardyr akyldarlarynyň seýilgähini öz içine alýar.

ORIENT news

Foto: iirmfa.edu.tm

Şeýle hem okaň: