Arkadag şäherinde muzeý gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça maslahat geçirildi
26.06.2024 | 09:47 |Arkadag şäherinde badalga alan Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde şäheriň Taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde “Muzeý gymmatlyklaryny hasaba almak we gorap saklamak boýunça dünýä tejribesiniň mümkinçilikleri” atly maslahat şeýle hem ýurdumyzyň muzeýleriniň gaznalaryndaky taryhy tapyndylaryň hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň öňdebaryjy muzeý işgärleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.
Owanes Şarambeýan adyndaky Halk sungaty muzeýiniň direktory Lýusine Toroýan maslahata gatnaşyjylara gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Ol dünýä medeniýetini ösdürmekde, taryhy-medeni mirasy we sungat eserlerini gorap saklamakda muzeýleriň ähmiýetli ornuny belledi. Lýusine Toroýan Awanes Şarambeýan adyndaky Halk sungaty muzeýiniň zallarynda Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň sergileriniň ençeme gezek geçirilendigini we olaryň ermeni tomaşaçylarynda uly gyzyklanma döredendigini belledi.
27-nji iýuna çenli dowam etjek Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýaş aýdymçy sazandalaryň konsertleri, sungat eserleriniň, neşirýat önümleriniň we muzeý eksponatlarynyň sergileri, fotosergiler, kinofilm görkezilişleri geçiriler.
ORIENT news