Täjigistanyň ilçisi Balkan welaýatynyň häkimi bilen sebitara hyzmatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy
21.06.2024 | 16:15 |Täjigistanyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Niýatbekzoda Balkan welaýatynyň häkimi Hojamyrat Aşyrmyradow bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Täjigistanyň we Türkmenistanyň sebitleriniň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat, oba hojalygy, bilim, medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Täjigistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.
Täjigistanyň we Türkmenistanyň sebitleriniň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek we doganlaşan şäherleriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýar.
4-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistana resmi sarapynyň çäklerinde beýleki resminamalar bilen bir hatarda, Täjigistanyň Hujand şäheriniň döwlet häkimiýetiniň ýerine ýetiriji edarasy bilen Türkmenistanyň Arkadag şäheriniň häkimliginiň arasynda doganlaşan şäherler gatnaşyklaryny ýola goýmak baradaky ylalaşyga gol çekildi diýlip, habarda bellenilýär.
ORIENT news