Azerbaýjan we Türkmenistan alternatiw energiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly möhüm meselelerde iş alyp barýarlar
12.06.2024 | 14:33 |BAE-niň Türkmenistandaky Ilçihanasynda “Dubaýdan Baku barýan ýol – Pre-COP29” atly ýygnak geçirildi. Azerbaýjanyň Türkmenistandaky Ilçisi Gismat Gozalow çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, СОР29 şu ýylyň noýabr aýynda
Azerbaýjanyň Baku şäherinde geçiriljekdigini, şeýle hem bu global konferensiýanyň geçirilmegi Azerbaýjan üçin möhüm tapgyrdygyny aýtdy. Bu ýerde Azerbaýjanyň howanyň üýtgemegi barada alynyp barylýan işlere goşan goşantlaryny bellemek gerek.
Azerbaýjan ýaşyl ösüşi özgerişiň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi. Milli we halkara derejede howanyň hereketine itergi bermek maksady bilen 2024-nji ýyl “Ýaşyl dünýäniň hatyrasyna raýdaşlyk ýyly” diýilip yglan edildi.
Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň alternatiw energiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly möhüm meselelerde iş alyp barýandyklaryny Ilçi Gismat Gozalow belläp geçdi. Iki ýurduň nebite hem tebigy gaza baýdygyna garamazdan, olaryň ikisiniň hem metanyň zyňyndylary bilen baglanyşykly borçlaryny ýerine ýetirip, howanyň üýtgemegi baradaky taslamalara goşantlaryny goşýandyklary diýseň buýsandyryjydyr. Diplomat Türkmenistanyň hem COP29-a gymmatly goşant goşjakdygyna ynamyny bildirdi.
Ilçi СОР29-da hemmeleriň köpçülikleýin gyzyklanmasy bolan howanyň üýtgemegi bilen bagly krizise garşy göreşmäge çagyrdy. Her kimiň deň özleriniň goşantlaryny goşmagynyň wagty gelendigini aýtdy. Mälim bolşy ýaly, COP28-de BAE-nyň prezidentligi, häzirki we geljekki COP Prezidentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy we dowamlylygy gowulandyrmaklygy maksat edinip COP29 we COP30-yň geçirilmegi bilen bagly Azerbaýjan we Braziliýa COP Üçler hyzmatdaşlygy ýola goýdy.
Ilçi ýaşlaryň daşky gurşawy goramakdaky täsirini göz öňünde tutup, olar has gowy geljegiň açary bolup durýandygyny aýtdy. Howanyň üýtgemegi boýunça meseleleri wagyz etmekde ýaşlar öňdebaryjy orny eýeleýärler. Belläp geçmeli mysallaryň biri hem, howanyň üýtgemegi boýunça ýokary höwesli ýaş aktiwistler Ýaşlaryň Ýerli Konferensiýasy (ÝÝK) 2023 we COP 28-de ajaýyp gelejegi maksat edinip daşky gurşawy goramak maksatlaryna ýetmek üçin güýçli iş alyp bardylar. BAE-de COP 28-de Türkmenistandan gatnaşan ýaşlaryň gazanan tejribeleriniň Bakuda geçiriljek COP 29-da görkezmäge taýýardyklary Azerbaýjan üçin gymmatlydyr.
COP29 Azerbaýjanyň Prezidentliginiň Meýletinlik Maksatnamasy şu ýylyň maý aýynyň 29-na güýje girizildi. Takmynan 3000 ýerli we halkara meýletinçiniň COP29 Azerbaýjan Işletmek Kompaniýasy üçin möhüm iş wezipelerine gatnaşmaklaryna garaşylýar. Bütin dünýäniň ünsi Bakuda COP29-da boljak we onuň üstünlikli geçirilmeginde meýletinçileriň orny örän möhümdir. Yhlasly işleri we özlerini göreldeli mysal hökmünde alyp barmaklary bilen, olar durnukly ösüşiň ilçileri hökmünde çykyş ederler.
Gismat Gozalow Azerbaýjanyň ýaşyl energiýa geçişinde sebitde lideridigi barada belläp geçdi. Şu ýylyň ahyryna çenli ýene-de 5 sany alternatiw energiýa taslamasy tamamlanar. Geçen hepdede BAE-nyň “Masdar” kompaniýasy Azerbaýjan bilen 1 gigawatlyk güneş we ýel energiýasynyň 3 stansiýasyny gurmak barada şertnama baglaşyldy.
«2027-nji ýylyň ahyryna çenli 2 gigawatlyk täzelenip bolýan maksadymyz hakykatdyr. Garabag we Gündogar Zangezur ykdysady zolaklary, Nahiçewan awtonom respublikasy 2050-nji ýyla çenli zyňyndylardan arassalan zolaklar bolar. 2030-njy ýylda Azerbaýjanda elektrik energiýasynyň öndüriliş kuwwatynyň täzelenýän çeşmeleriniň paýy 30 göterime ýeter», - diýip, ilçi aýtdy. Mundan başga-da, ol Azerbaýjanyň teklibi easynda gurulýan Gara deňiz suwasty gämi elektrik kabel taslamasynyň Merkezi Aziýany Ýewropa bilen birleşdirjekdigini belledi.
ORIENT news