Ýaponiýada Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler
06.06.2024 | 09:45 |14-nji iýunda Ýaponiýanyň Sukuba şäherinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli konsert geçiriler.
Konsert «Nova Hall-da» sagat 19.00-dan 21.00 aralygynda geçiriler. Giriş tölegsiz.
Türkmen milli sazy, tansy, şeýle hem saz gurallary bilen tanyşlykdan başga-da myhmanlar türkmen milli lybaslarynyň görkezilişine, amaly-haşam sungatynyň sergisine tomaşa edip bilerler we milli tagamlardan dadyp bilerler.
Goşmaça maglumat almak üçin 03 5766 1150 telefon belgisine jaň edip ýa-da embassy@turkmenistan.or.jp elektron salgysyna ýazyp bilersiňiz.
ORIENT news