Balkanabatly ýaş suratkeş gyz “mekdebiňe öz eseriňi sowgat ber” göreldesine eýerdi
27.05.2024 | 01:15 |Balkanabadyň Çagalar suratkeşlik mekdebiniň okuwçysy Hatyja Gurbanowa Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän çärelerden ruhlanyp, nusgawy şahyryň suratyny çekdi.
Ýaş suratkeş öz eserini 22-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebe sowgat bermegi makul bildi. Bu ýerde fizika we matematika dersleri çuňlaşdyrylyp okadylýar.
“Ýagly boýaglar bilen işlemek örän gyzykly, akyldar şahyryň keşbini surata geçirjek bolup, men örän tolgundym, sebäbi men bu işi täze öwrenýärin. Ýöne maňa mugallymym Zelili Amanjaýewiň nesihatlary kömek etdi. Ol meniň pikirimi goldady hem-de kynçylyklardan gorkmazlygy we dogruçyl bolmagy maslahat berdi. Bu bolsa meniň ynamymy artdyrdy” diýip, Hatyja aýtdy.
Şeýle hem ol meşhur türkmen heýkeltaraşy we döredijilikli ýaşlaryň halypasy Saragt Babaýewiň ussahanasyna birnäçe gezek baryp görendigini gürrüň berdi.
“Her gezek ol ýere baranymda, men özümi başga dünýä düşen ýaly duýýaryn, sungata maýyl bolýaryn, köp işlemek, täze tilsimleri öwrenmek hem-de geljekde özümiň döredip biljek gözelligimiň bir bölejigini bu dünýä dahyl etmek isleýärin” diýip, ol duýgularyny paýlaşdy.
Hatyja Saragt Babaýewiň ogly we okuwçysy Bally Babaýewiň göreldesine eýerip, öz mekdebine surat sowgat berendigini aýtdy. Bally gutardyş synpyň okuwçysyka, özüniň heýkeltaraşlyk kompozisiýasyny Aşgabatdaky mekdebine sowgat beripdi.
“Bu meni öz mekdebim üçin nähilidir bir gowy işi etmäge hem-de beýleki ýaşlara öz arzuwlaryna eltýän ýoldaky kynçylyklara döz gelmek baradaky özboluşly göreldäni görkezmäge ruhlandyrdy” diýip, Hatyja sözüniň üstüni ýetirdi.
ORIENT news