Iň täze habarlar

1-nji iýundan başlap Dubaýda bir gezeklik ulanylýan paketler gadagan ediler

28.05.2024 | 09:48 |
 1-nji iýundan başlap Dubaýda bir gezeklik ulanylýan paketler gadagan ediler

1-nji iýundan başlap Dubaýda bir gezeklik ulanylýan plastik, polietilen hem-de kagyz paketleri ulanmak gadagan ediler.

“Köp gezeklik ulanylýan mata torbalarda geçip, özgerişliklere goşuluň” diýip, Dubaý munisipaliteti sosial platforma arkaly şäheriň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýüzlendi.

Bu gadaganlyk özünden soň mikroplastik galdyrýan biopaketlere-de degişlidir.

Ýöne gadaganlyk çörekleri, gök önümleri, et, balyk we towuk önümlerini gaplamakda, zir-zibil çeleklerde hem-de egin-eşik ýuwujy kärhanalarda, şeýle hem onlaýn arkaly satyn alynýan elektron enjamlary we önümleri üçin ulanylýan paketlere degişli däldir.

Eger bir gezeklik ulanylýan paket ulanylsa 200 dirhem jerime salynar. Her gezek düzgün bozulanda bu jerime her gezek iki esse artdyrylar.

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap plastiklardan ýasalan kokteýl taýajyklary hem-de bulgurlar, şeýle hem pagta taýajyklary ulanmaklyk gadagan ediler.

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap plastikalardan ýasalan iýmit önümleri üçin konteýnerler we aşhana gap-gaçlary, şeýle hem içgiler üçin bulgurlar we olaryň gapaklary gadagan ediler.

ORIENT news

Foto: uaeintouch.com

Şeýle hem okaň: