Iň täze habarlar

Türkmenistanly myhmanlar Astrahandaky Senetçilik öýüne baryp gördüler

25.04.2024 | 09:13 |
 Türkmenistanly myhmanlar Astrahandaky Senetçilik öýüne baryp gördüler

Aşgabatly mekdep okuwçylary Astrahan oblastynyň Halk medeniýetiň ylmy-usuly merkeziniň Senetçilik öýüne baryp gördüler.

Bu sapar türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu günler Astrahan oblastynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde guraldy.

Myhmanlar üçin «Фантазия весны» atly çagalaryň amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Şeýle hem olar senetçilik ussahanalaryna baryp, amaly-haşam sungatynyň dürli tärleri we astrahan ussatlary tarapyndan döredilen ajaýyp önümler bilen tanyş boldular.

ORIENT news

Foto: astrakhan-news.net

Şeýle hem okaň: