Iň täze habarlar

Russiýada lukmançylyk syýahatçylygynyň özüneçekijiligi

23.04.2024 | 12:18 |
 Russiýada lukmançylyk syýahatçylygynyň özüneçekijiligi

Russiýada lukmançylyk syýahatçylygy mese-mälim ösýär. Eger 2017-nji ýylda RF-de 300 müň daşary ýurt raýaty bejergi alan bolsa 2022-nji ýylda bu görkeziji 1, 2 milliondan gowrak boldy. Bejergi alanlaryň aglabasy Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň wekilleridir.

Raýatlarynyň Russiýa Federasiýasynyň çäginde lukmançylyk hyzmatlaryna has köp gyzyklanma bildirýän YHG ýurtlarynyň ilkinji bäşligine Azerbaýjan, Gazagystan, Özbegistan, Täjigistan we Gyrgyzystan girýär. Lukmançylyk syýahatçylarynyň iň köp isleg bildirilýän ugurlary check-up, transplantasiýa, stomatologiýa, onkologiýa, oftalmologiýa, neýrohirurgiýa we hirurgiýa, şol sanda ýürek-damar hirurgiýasy, otorinolaringologiýa, akuşerçilik we ginekologiýa, urologiýa, trawmatologiýa we ortopediýa bolup durýar.

Şu maglumatlar 2023-nji ýylda “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara forumynda beýan edildi. RF-iň saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşkonyň aýtmagyna görä, daşary ýurtly hassalar, şol sanda arap ýurtlarynyň raýatlary Russiýada iň köp oftalmologiýa ugry boýunça bejergi alýarlar.

Bilermenler bejergi almaga gelýänleriň sanynyň artmagynyň Russiýada 2019-njy ýyldan bäri durmuşa geçirilýän “Lukmançylyk hyzmatlarynyň eksportuny ösdürmek” federal taslamasynyň işi bilen baglanyşyklydygyny belleýärler. Ýurtda “halal lukmançylyk” syýahatçylygynyň peýda bolandygy we bu ugruň ösdürilýändigi bellenilýär. Munuň özi köp halatda zyýarat wagty bejergi almaga ýüz tutýan musulman syýahatçylar üçin goşmaça hyzmatlar toplumydyr.

Russiýada “halal” standartlary boýunça güwänamalaşdyrylan şypahanalarda hem saglygyňy berkitmek bolýar. Yslam ýurtlaryndan myhmanlary kabul etmek üçin şypahanalary meýletin güwänamalaşdyrmak bilen “Halal syýahatçylyk” sebit maksatnamasy Tatarystan Respublikasynda hereket edýär. Federal derejesinde “Roskaçestwo. Halal” döredildi, ol ýurduň çägindäki şypahanalara güwänama berýär. “Roskaçestwo. Halal” güwänamasy Pars aýlagynyň ýurtlarynda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň käbir ýurtlarynda, şeýle hem Gümrük birleşiginiň ýurtlarynda hereket edýär.

Ýokary tehnologiýaly ösen lukmançylyk hyzmatlary, ýokary hil standartlary, halkara rejribeli ýokary derejeli lukmanlaryň we lukmançylyk işgärleriniň bolmagy, bahalaryň elýeterliligi, aýratyn bejergi almak we bejergiden soňra dikeldiş mümkinçiligi, şeýle hem RF-iň çäk taýdan ýakyn bolmagy Russiýada bejergi almak isleýän daşary ýurtly raýatlar üçin esasy amatlyklaryň hataryndadyr.

2024-nji ýylyň maý aýynda Kazanda geçjek “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara forumynda lukmançylyk syýahatçylygy meselesinde aýratyn durlup geçiljekdigi bellenilýär. Bu pudagyň halkara bilermenleri Russiýada we YHG ýurtlarynda lukmançylyk syýahatçylygyny ösdürmek, Yslam ýurtlaryndan syýahatçylar üçin täze mümkinçilikler bilen baglanyşykly meseleleri, şeýle hem halal lukmançylyk hyzmatlary bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Habarçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara forumynyň maksatnamasyna, şeýle hem metbugat üçin ýörite çärelere gatnaşmaga çagyrýarys. Sizi KazanForum-2024-de görmäge şatdyrys!

Şu salgyda - iňlis dilinde; salgyda - rus dilinde bellige durup bilersiňiz.

Foto: turizm-centr.ru

Şeýle hem okaň: