Iň täze habarlar

Dünýäniň kompýuter bazary gaýtadan ösüş gazanyp başlady

10.04.2024 | 12:58 |
 Dünýäniň kompýuter bazary gaýtadan ösüş gazanyp başlady

Şu ýylyň birinji çärýeginde şahsy kompýuterleriň bazary gaýtadan ösüş gazanyp başlady diýip, «IDC» gözleg kompaniýasy habar berýär.

Şahsy kompýuterleriň bazarynyň umumy ösüşine «Apple» kompaniýasy möhüm goşant goşdy. Şeýlelikde, bu haryt nyşany astynda öndürilýän kompýuterleriň satyş tizligi 59,8 million enjama ýetdi, bu bolsa geçen ýyldakydan 1,5% ýokarydyr. Bu enjamlaryň innowasion aýratynlyklary we haryt nyşanyna wepalylyk bilen düşündirilýär.

«Apple» «Dell» we «Asus» ýaly esasy öndürijilerden öňe geçdi.

«IDC» kompaniýasynyň analitigi Jiteş Ubraniniň pikirine görä, Amerikada, Ýewropada, Ýakyn Gündogarda we Afrikada şahsy kompýuterlere bolan islegiň dikelmegine inflýasiýa hem itergi berdi.

ORIENT news

Foto: kapital.kz

Şeýle hem okaň: