30-njy mart—Galyndysyz dünýä ugrunda tagalla etmegiň halkara güni
01.04.2024 | 09:29 |Türkiýäniň teklibi boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň durnukly ösüş meýilnamasynyň çäklerinde “Nol galyndylar” Kararnamany kabul etmegi dünýä jemgyýetçiligini 30-njy martda Galyndysyz dünýä ugrunda tagalla etmegiň halkara gününi ikinji gezek bellemäge iterdi.
Bu meselä ünsi çekmek bilen, her ýyl bellenilýän Galyndysyz dünýä ugrunda tagalla etmegiň halkara güni durnukly ösüş ýörelgeleri esasynda galyndylary dolandyrmak arkaly geljekki nesillere arassa we ýaşamak üçin oňaýly dünýäni üpjün etmek boýunça tagallalary birleşdirmäge çagyrýar.
“Nol galyndylar” hereketi galyndylaryň döremegiň öňüni almagy, ekologiýa taýdan zyýanly galyndylaryň mukdaryny azaltmagy, gaýtadan işlemek derejesini ýokarlandyrmagy, ykdysady bähbidi üpjün etmegi, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmagy we bu başlangyçlar arkaly durnukly ösüşi goldamagy teklip edýär.
Galyndysyz we az galyndyly türk aşhanasy
Galyndysyz aşhana –galyndysyz durmuş ýörelgesiniň esasy bölegidir, çünki aşhanada her gün näçe az galyndy emele gelse, şonça-da, gurşap alýan dünýämiz arassa bolýar. Durnukly iýmitlenmek we durnukly geljek üçin esasy goýujy bolup durýan galyndysyz restoranlar ekologiýa we medeniýet derejelerinde durnukly aşhana bolup durýan türk aşhanasynyň esasy bölegidir.
Gadymy türk aşhana däpleri Türkiýäniň bol hasylly geografiýasyna we Anadolynyň baý medeni mirasyna esaslanmak bilen, nahar bişirmek prosesinde galyndy emele getirmeýär. Türk aşhanasynyň özboluşly taýýarlanyş usullary az galyndy emele getirýändigi bilen tapawutlanýar. Türk aşhanasynda galyndylardan başga tagamlar taýýarlanylýar. Meselem, gök önümleriň daş gabygy işdäaçarlarda, miweleriň daş gabyklary mürepbelerde ulanylýar. Şeýle hem gatan çörek dürli tagamlarda we süýjüliklerde, tüwi galyndylary bolsa çorbalarda we beýleki tagamlarda ulanylýar. Şeýlelikde, galyndysyz türk aşhanasy öwrenilmäge mynasyp tejribedir. Ol ekologiýa we sosial borçnamalary nazara alýan durmuş ýörelgesini höweslendirmek bilen has durnukly geljege ýardam berýär we azyk serişdelerini has oňaýly peýdalanýar.
Türkiýäniň Durnukly syýahatçylyk maksatnamasy hem-de syýahatçylyk ulgamyndaky durnukly özgertmeler
Türkiýe Galyndysyz dünýä ugrunda tagalla etmegiň halkara gününiň çäklerinde bu meselede dünýä jemgyýetçiliginiň habardarlygyny ýokarlandyrmaga ýardam bermek bilen, şeýle hem soňky ýyllarda syýahatçylyk ulgamynda giň möçberli durnukly özgertmelere badalga berdi. 2022-nji ýylda Türkiýe Durnukly syýahatçylyk boýunça bütindünýä geňeşi bilen hökümet derejesinde ylalaşyga gol çeken ilkinji ýurt boldy. Bu Geňeş durnukly syýahatçylyk üçin ählumumy standartlary belleýär we dolandyrýar hem-de Durnukly syýahatçylyk maksatnamasynyň çäklerinde uýgunlaşmagy ýeňilleşdirýän nusgalyk “ýol kartasyna” eýedir. Syýahatçylygyň ähli ekoulgamynyň durnuklylyk ýörelgelerini ornaşdyrmak maksady bilen, bu maksatnama ýerleşdirilen pursatyndan başlap, turoperatorlara we syýahatçylyk ugurlaryna ýaýbaňlandyrylýar. 2024-nji ýylyň 25-nji marty ýagdaýyna görä, Türkiýede Maksatnamasynyň ornaşdyrylan obýektleriniň jemi 17 müň 393-si bellige alyndy. Türkiýäniň durnukly syýahatçylyk maksatnamasynyň talaby bolup durýan galyndylary dolandyrmak (azaltmak, bölmek, gaýtadan ulanmak we gaýtadan işlemek) şeýle hem daşky gurşawy goramak üçin “nol galyndylar” hereketiniň şertleriniň biri bolup durýar. Şeýlelikde, kanunçylyk taýdan kadalaşdyrmak arkaly durmuşa geçirilýän Durnukly syýahatçylyk maksatnamasy Türkiýäniň bu ugurdaky tagallalaryny pugtalandyrýar hem-de durnukly şäherler we durnukly syýahatçylyk üçin möhüm nusga bolup hyzmat edýär.
Türkiýe özüniň “mawy suwlaryny” sertifikatlaşdyrmak üçin ekologiýa standartlaryny köp wagtdan bäri ulanyp gelýär. Mawy baýdak bilen sylaglanan 551 sany plýažy bolan Türkiýe dünýäde iň möhüm ekologiýa ölçegleriniň biri bolan Mawy baýdak maksatnamasynyň çäklerinde şeýle plýažlaryň sany boýunça dünýäde üçünji orny eýeleýär. Mundan başga-da, soňky ýyllarda Türkiýe durnukly medeniýet ulgamynda-da, möhüm ädimleri ätdi. Türkiýäniň 21 obýekti ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna we 30 hödürnamasy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, ol bu ugurda dünýäde ikinji orny eýelýär. 2024-nji ýyla çenli Türkiýe şeýle plýažlaryň sanyny 750-ä, şeýle hem 2026-njy ýyla çenli 800-e çykarmagy maksat edinýär.
ORIENT news