Aşgabatda howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde zenan liderligine bagyşlanan akyl-paýhas bäsleşigi geçirildi
04.03.2024 | 22:18 |BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda “Zenan alymlar: howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde öňdebaryjylar” ady bilen akyl-paýhas bäsleşigi geçirildi. “Breýn-ring” görnüşinde talyplaryň arasynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan guralan çäre Halkara zenanlar gününe bagyşlandy.
Bu çäre howanyň üýtgemegine uýgunlaşmakda we azaltmakda aýal-gyzlaryň öňdebaryjy ornuny ýokarlandyrmak, daşky gurşaw baradaky bilimleri we tejribeleri paýlaşmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça milli tagallalary goldamakda ýaşlaryň arasynda durnukly durmuş ýörelgesini ösdürmek üçin amatly meýdança bolup hyzmat etdi.
“BMG-niň Ösüş maksatnamasy howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde ýaşlaryň tutýan möhüm ornuna ýokary baha berýär. Biziň pikirimizçe, ýaş zenan alymlar howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň oňyn çözgüdini tapmakda, hemmeleri durnukly geljege tarap höweslendirmekde uly orny eýeleýär” diýip, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň wezipesini ýerine ýetiriji Tomis Paowiç aýtdy.
Akyl-paýhas bäsleşiginde baş baýraga Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary mynasyp boldy. Birinji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, ikinji orna Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplar toparlary eýe boldy. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary 3-nji orny paýlaşdylar.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň topary “Innowasiýalar we döredijilik” baýragyna hödürlendi. Ýeňiji bolan her bir topar BMG-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň hormat hatlary we sowgatlary bilen sylaglandy.
ORIENT news