Iň täze habarlar

“Toyota” awtoulaglar ýörände uglerod zyňyndylaryny toplaýan süzgüçleri synagdan geçirýär

04.03.2024 | 15:45 |
 “Toyota” awtoulaglar ýörände uglerod zyňyndylaryny toplaýan süzgüçleri synagdan geçirýär

“Toyota” kompaniýasy daşky gurşawdaky kömürturşy gazy özüne sorup alýan ýörite süzgüçleri synagdan geçirýär. Bu süzgüçler “Toyota GR Corolla” ulagynyň täze kysymynyň öňki böleginde ýerleşdiriler.

Zyýanly gazlary işlemeklik gyzgyn hereketlendirijiniň ýylylygynyň ulanylmagynyň hasabyna amala aşyrylar.

Bu täzelik kompaniýa ýangyjy içinden ýandyrylýan we daşky gurşawa zyýan gazlar goýberýän hereketlendirijileri ulanmagyny dowam etdirmäge mümkinçilik berer. Çünki täze süzgüçler ornaşdyrylan ulaglarda çykarylýan zyňyndy gazlaryň yzyna gaýtarylyp alynmagy netijesinde daşky gurşawa edilýän zyýanyň derejesi peselýär.

Bu çäreler kompaniýanyň awtoulag senagatyny uglerodsyzlaşdyrmagyň çäklerinde durmuşa geçirilýär. Şeýlelikde, Energiýa netijeli ykdysadyýet boýunça amerikan geňeşiniň düzen sanawyna görä, ekologiýa taýdan iň arassa 12 awtoulag görnüşleriniň ýarysyny ýa-da 6-syny “Toyota” we oňa degişli “Lexus” brendeleri eýeleýär.

ORIENT news

Foto: techcult.ru

Şeýle hem okaň: