Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa diplomatik forumyna gatnaşdy

01.03.2024 | 22:14 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow Antalýa diplomatik forumyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji martda Antalýa Üçünji diplomatik forumyna gatnaşdy.

Wekilçilikli bu çäre Antalýanyň “Nest” Kongres-merkezinde geçirildi.

Antalýa diplomatik forumy (ADF) häzirki global we sebit meseleleri boýunça pikir alyşmak, häzirki zaman meselelerine jogap tapmak we hyzmatdaşlygyň täze täsirli usullaryny ösdürmek üçin giň gepleşik platformasyny döretmäge gönükdirilen başlangyçlary hödürleýär.

“Garaşsyz, bitarap Türkmenistan ählumumy we sebit ähmiýetli meseleleri çözmäge işjeň gatnaşýar. Aşgabat sebitleýin we ählumumy gün tertibinde häzirki meseleleri çözmekde deňagramly çemeleşmeleri ösdürmäge işjeň gatnaşmak syýasatyny durmuşa geçirýär"-diýip, TDH-nyň teswirinde bellenýär.

ORIENT news

Foto: aa.com.tr

Şeýle hem okaň: