Iň täze habarlar

Daşkent şäherinde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeler barada brifing geçirildi

02.03.2024 | 13:59 |
 Daşkent şäherinde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeler barada brifing geçirildi

1-nji martda Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky ilçihanasynda şu ýylyň 9-njy fewralyndaky Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň we 22-nji fewralyndaky Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisiniň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Brifingde Türkmenistanyň ilçisi Şadurdy Meredow çärä gatnaşyjylary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistany mundan beýläk-de ösdürmek, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly kesgitlenilen möhüm wezipeler barada giňişleýin tanyşdyrdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Bu çärä Özbegistan Respublikasynyň Türkmen medeniýet merkeziniň başlygy, bu ýurduň türkmen diasporasynyň wekilleri we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdy. Brifingiň dowamynda “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň” halkyň ýaşaýyş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendigi bellenildi.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: