Iň täze habarlar

Gazagystanyň täze Hazar deňiz instituty suwuň derejesiniň peselme meselesini çözer

28.01.2024 | 21:25 |
 Gazagystanyň täze Hazar deňiz instituty suwuň derejesiniň peselme meselesini çözer

Gazagystanyň hökümeti, Suw hojalygy we suwaryş ministrligi tarapyndan esaslandyrylan Hazar deňziniň gözleg institutyny döretmek baradaky Kararyny tassyklady diýip, edaranyň metbugat gullugy habar berdi.

Institut Hazar deňziniň daşky gurşaw meselelerini, suwuň derejesiniň peselmegini, týulenleriň we balyklaryň köpçülikleýin gyrylmagynyň sebäplerini öwrener we Hazaryň týulenleriniň we beýleki deňiz jandarlarynyň we kenarýaka sebitlerini gorap saklamak üçin iş alyp barar. Şeýle hem, beýleki Hazar döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin çärelere gatnaşar.

Institut Hazar deňziniň ekosistemasy barada obýektiw we garaşsyz maglumat berer. Alnan maglumatlar döwlet we ýerli ýerine ýetiriji guramalar tarapyndan giňişleýin çäreleri kabul etmek üçin gollanma bolup hyzmat eder. Ylmy guramanyň döredilmegi Hazar deňzini goramak boýunça halkara we milli borçlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.

Ministr Nuržan Nuržigitow, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň başlangyjy bilen döredilen bu institutyň suw meselelerini çözmek we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin toplumlaýyn çemeleşmä goşant goşar diýen pikiri aýtdy.

Şeýle-de Türkmenistanda hem, Hazar deňzi sebitinde hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen 2019-njy ýylyň 9-njy awgustynda Prezidentiň Karary bilen döredilen dürli ugurlarda alnyp barylýan işleriň derňewi, deňiz ylmy gözleglerini geçirmek, Hazar deňzi bilen baglanyşykly halkara hukuk we milli resminamalary taýýarlamak, şeýle hem Hazar meselesinde Türkmenistanda halkara şertnamalarynyň ýerine ýetirilişine syn we ýöriteleşdirilen metodiki maglumatlary taýýarlamak boýunça Hazar deňiz instituty hereket edýär.

Ozal sebitdäki ýurtlaryň Hazar deňziniň ýalpaklygy boýunça iş topary döretjekdigini habar beripdik.

ORIENT news

Foto: Orient.tm

Şeýle hem okaň: