Iň täze habarlar

Azerbaýjan we Braziliýa “COP29” we “COP30” maslahatlaryny geçirerler

15.12.2023 | 14:31 |
 Azerbaýjan we Braziliýa “COP29” we “COP30” maslahatlaryny geçirerler

Azerbaýjan 2024-nji ýylda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahatyny “COP29”, Braziliýa bolsa, 2025-nji ýylda onuň 30-njy maslahatyny “COP30” geçirer.

Bu çözgüt BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň Dubaý şäherinde tamamlanan 28-nji maslahatynda mälim edildi.

“Biz howanyň üýtgemegie garşy göreşmekde bilelikdäki işlerimizi dowam etdirmegi zerur hasaplaýarys” diýip, “COP28” maslahatynyň prezidenti, BAE-niň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri Sultan bin Ahmed Al-Jaber nygtady.

Azerbaýjanyň ekologiýa we tebigy serişdeler ministri Muhtar Babaýew öz gezeginde, Azerbaýjanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly döreýän täsirleri azaltmakda bilelikdäki tagallalaryň möhümdigine oňat düşünýändigini aýtdy. Respublika durnukly geljegi gazanmagyň ýolunda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýär.

“COP30” maslahaty 2025-nji ýylyň 10 – 21-nji noýabrynda Braziliýanyň Para ştatynda ýerleşýän “Amazonkanyň derwezesi” diýlip atlandyrylýan Belen şäherinde geçiriler.

Şunuň bilen baglylykda, Braziliýanyň daşky gurşaw we howa ministri Marina Silwa howanyň üýtgemegine garşy göreşde Amazonka jeňňeliginiň eýeleýän ähmiýetli ornuny belledi.

Onuň nygtamagyna görä, ählumumy maslahatyň jeňňelligiň merkezinde geçirilmegi Zeminiň goralyp saklanylmagy babatda jogapkärçilige oňyn düşünmäge ýardam eder.

ORIENT news

Foto: arabianbusiness.com

Şeýle hem okaň: