Iň täze habarlar

Al-Jarwan: Türkmenistandaky “Dragon Oil” 2027-nji ýyla çenli gaz ýakmagyny düýbünden bes eder

08.12.2023 | 19:51 |
 Al-Jarwan: Türkmenistandaky “Dragon Oil” 2027-nji ýyla çenli gaz ýakmagyny düýbünden bes eder

Türkmenistandaky “Dragon Oil” 2027-nji ýyla çenli önümçilik ýerlerinde gazyň ýanmagyny doly bes eder. Bu barada kompaniýanyň Baş direktory Ali Raşid Al Jarwan COP 28 konferensiýasynda "Nebit we gaz dekarbonizasiýa düzgünnamasy" şertnamasyna gol çekişlik dabarasynda aýtdy.

Al-Jarwan: "Bu ädim, Dragon Oil-iň uglerodsyz geljege tarap hereketini goldamak üçin çäreleri güýçlendirmegiň möhümdigini aç-açan görkezýär"-diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Bu barada WAM agentligi habar berýär.

Bu maksada ýetilmegini goldamak üçin, DO-yň Baş direktory, kompaniýanyň tagallalarynyň energiýa geçişini çaltlaşdyrmaga, geljekdäki energiýa ulgamlaryna we beýleki tehnologiýalara, şol sanda negatiw zyňyndy tehnologiýalaryna maýa goýup, 2050-nji ýyla çenli howanyň bitaraplygyny gazanmaga kömek etjekdigini düşündirdi.

Al-Jarwan kompaniýanyň gök wodorod, gün energiýasy, gaz ýakmagy we nebit pudagyndan uglerody aýyrmak maksadyny goldaýan beýleki alternatiwalar arkaly arassa alternatiwalaryň üstünde işleýändigini aýtdy.

Al-Jarwan mundan ozal, 23 ýyllap dowam eden bilelikdäki işinde “Dragon Oil”-yň Türkmenistanda nebit ýataklaryny özleşdirmek taslamasyna 8 milliard dollardan gowrak maýa goýandygyny we ýakyn 15 ýylda azyndan ýene şol mukdarda maýa goýmaga taýýardygyny mälim etdi.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: