Iň täze habarlar

Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň dünýädäki paýy 40 göterime ýetdi

05.12.2023 | 16:53 |
 Gaýtadan dikeldilýän energiýanyň dünýädäki paýy 40 göterime ýetdi

2022-nji ýylda gurlup ulanmaga berlen täze energetika desgalarynyň 83 göterimi gaýtadan dikeldilýän energiýanyň hasabyna elektrik energetikasyny öndürýär. Gaýatdan dikeldilýän energetika desgalarynyň umumy kuwwaty 9,6 göterim artyp, 295 gigawata deň boldy. Şonuň 192 gigawaty Gün, 75 gigawaty hem ýel energetikasyna degişlidir.

Häzirki wagtda dünýädäki elektrik energiýasynyň 40 göterime golaýy gaýatdan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden alynýar. 2030-njy ýyla çenli dünýä atmosferasynyň ýylylyk derejesini 1,5 gradus pese düşürmek maksadyna ýetmek üçin bu mukdaryň häzirkisinden 3 esse ýokary bolmagy zerurdyr. ýokary bolmadyk ýylylyk maksadyna ýetmek üçin kuwwaty 2030-njy ýyla çenli üç esse ýokarlanmalydyr. Bu barada Bütindünýä metreologiýa guramasynyň we Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara agentligiň hasabatynda mälim edilýär.

Hünärmenler gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmekde esasy kynçylyklaryň biri tebigy howanyň üýtgemegi (mysal üçin, El-Niño ýaly tebigy hadysalar sebäpli) bilen bagly bolandygyny bellediler. Şol sebäpli ýel energiýa önümçiliginde möwsümleýin we dürli-dürli üýtgemeler 15 göterime ýetip bilýär.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine bil baglamak üçin howanyň üýtgemegini has takyk çaklamagy öwrenmek gerek. Sebäbi elektrik energiýasynyň sarp edilişiniň barha artýan häzirki döwründe dünýä atmosferasyny sowatmak üçin köp zatlar gerek bolýar. Bu babatda Afrika iň geljegi uly yklymlaryň biridir. Bu yklymda öndürilýän gaýtadan dikeldilýän energiýa dünýä möçberiniň bary-ýogy 2 göterimini düzýär. Emma bu yklymyň tebigy aýratynlyklary energetikanyň bu pudagyny ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri döredýär diýip, hasabaty taýýarlan alymlar belleýärler.

ORIENT news

Foto: eenergy.media

Şeýle hem okaň: