Iň täze habarlar

Birža söwdalaşyklarda karbamid, polipropilen, çig-ýüpek we el halylary satyldy

05.12.2023 | 12:49 |
 Birža söwdalaşyklarda karbamid, polipropilen, çig-ýüpek we el halylary satyldy

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklarda karbamid, polipropilen, çig-ýüpek we el halylary satyldy.

Daşarky bazarda Birleşen Arap Emirlikleriniň, Ukrainanyň we Owganystanyň işewürleri "Türkmenhimiýa" döwlet konserninden "B" kysymly karbamid satyn aldylar.

Pakistan Yslam Respublikasynyň işewürleri ýerli işewürlerden çig ýüpek satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Türkmen işewürleri "Türkmennebit" döwlet konserninden "TPP D 30 S" kysymly polipropileni we el halylaryny satyn almak barada geleşik baglaşdylar.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi bahasy 2, 4 million manatdan we 5,9 million ABŞ dollaryndan gowrak bolan 8 geleşik baglaşyldy.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 857 müň 180 dollaryna deň boldy.

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: