Iň täze habarlar

BAE “COP28” maslahaty mynasybetli täze pul çykardy

30.11.2023 | 17:23 |
 BAE “COP28” maslahaty mynasybetli täze pul çykardy

Birleşen Arap Emirlikleriniň Merkezi banky Dubaýda geçiriljek BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahaty (COP28) hem-de Milli güni mynasybetli polimerden 500 dirhemlik täze pul banknotyny çykardy.

Banknotyň daşky bezegi BAE-niň durnukly ösüşe innowasion çemeleşmesini we Hökümetiň durnukly çözgütleri öňe sürmekdäki başlangyçlaryny görkezýär.

Banknotyň ýüzünde Dubaýdaky Durnukly ösüş sergiler merkeziniň arka tarapynda bolsa, geçmişiň we geljegiň gymmatlyklaryny özünde Dubaýyň Geljek muzeýi şekillendirilýär.

Polimer banknotynyň arka ýüzünde Dubaýyň ajaýyp “Emirates Towers” we “Burj Halifa” binalarynyň şekilleri bar.

Durnukly ösüşe ygrarlylygynyň bir bölegi hökmünde ýurduň Merkezi banky täze banknotlary adaty banknotlara garanyňda has ygtybarly edip, polimer materiallaryny ulandy. Bu materialy dolulygyna gaýtadan ulanyp bolýar we daşky gurşaw üçin-de zyýansyzdyr.

Ýurduň baş maliýe edarasy kör we görmeýän adamlaryň banknoty tanamaklary üçin “Braýl” elipbiýinde belli banknot nyşanlaryny goşdy.

ORIENT news

Foto: arabianbusiness.com

Şeýle hem okaň: