Iň täze habarlar

Türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana ibermegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

29.11.2023 | 00:11 |
 Türkmen elektrik energiýasyny Azerbaýjana ibermegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

28-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen geçirilen duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda ýangyç-energetika pudagyndaky özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Hususan-da, Türkmenistanyň Azerbaýjana gaz ibermeginiň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşyldy. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň Azerbaýjana elektrik energiýasyny ibermek mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Ulag-üstaşyr baglanyşyklaryny ýola goýmak nukdaýnazaryndan ulagyň dürli görnüşlerinde ýük daşamagyň möçberi ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde deňiz portlarynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň zerurlygy nygtaldy. Aragatnaşyk pudagynda geljegi uly ugurlar hem göz öňünde tutulýar.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşinde möhüm şert hökmünde görkezilýär. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragyniň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan bilelikdäki dabaralary guramak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

1-6.jpg

Mikail Jabbarowyň ýolbaşçylygyndaky azerbaýjan wekiliýetiniň Türkmenistana saparynyň çäklerinde "SOCAR" kompaniýasynyň prezidenti Rawşan Najafyň hem gatnaşmagynda ýurduň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow we nebit-gaz pudagynyň beýleki ýolbaşçylary bilen duşuşyklarynyň geçirilendigi aýdylýar. Bu barada "Report" neşiri habar berýär.

Taraplar energiýa pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň oňyn geljegini bellediler we gün tertibinde energiýa hyzmatdaşlygy, energiýa alyş-çalşygyndaky häzirki ýagdaýy we "Dostluk" uglewodorod ýatagyny bilelikde işlemegiň ösdürilişi barada pikir alyşdylar.

ORIENT news

Foto: mfa.gov.tm

Şeýle hem okaň: