Iň täze habarlar

Aşgabatda Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp surat sergisi guraldy

28.11.2023 | 23:41 |
 Aşgabatda Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp surat sergisi guraldy

Aşgabatda guralan Bilelikdäki türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň başlyklary - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow “Geýdar Aliýew - Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň doganlygy” atly surat sergisine baryp gördüler.

Bu sergi Azerbaýjan halkynyň lideri Geýdar Aliýewiň 100 ýyllygyna bagyşlanýar.

Aşgabatda şäherindäki Mukamlar köşgünde guralan surat sergisinde Geýdar Aliýewiň ömrüniň we döredijiliginiň dürli döwürlerini, şeýle hem Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ösüşini beýan edýän suratlar görkezilýär.

Şeýle hem sergä daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri baryp gördüler.

ORIENT news

Foto: report.az

Şeýle hem okaň: