Iň täze habarlar

Wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Täjigistanda saparda bolýar

27.11.2023 | 12:26 |
 Wise-premýer Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Täjigistanda saparda bolýar

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň wekiliýeti Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Bu baradaky degişli Buýruga Türkmenistanyň Prezidenti gol çekdi.

Bilelikdäki toparyň mejlisi 26 — 28-nji noýabry aralygynda geçiriler. Taraplar dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşarlar.

ORIENT news

Foto: advantour.com

Şeýle hem okaň: