Aşgabatda innowasion telekeçiligiň baýramçylygy geçer
21.11.2023 | 09:22 |Tehnologiýalaryň çalt üýtgeýän, jemgyýetiň talaplarynyň bolsa barha çylşyrymlaşýan döwründe innowasiýalar üstünlikli geljegiň açary bolup durýar. Innowasiýa diýmek näme? Munuň özi biziň gündelik durmuşymyzy özgeldýän täze, mälim bolmadyk bir zadyň bazarda peýda bolýan pursadydyr.
Köplenç innowasiýalar öz ýany bilen diňe täze bir önüm getirmek bilen çäklenmän, eýsem biziň dünýä garaýşymyzy hem üýtgedýärler. Innowasiýalar biziň durmuşymyzy täze derejä çykarýan kuwwatly herektlendirijidir. Olar gymmatly wagtymyzy tygşytlamaga mümkinçilik berýärler, köp ýeňillikleri döredýärler, iň esasysy bolsa, gündelik meselelerimizi çözmäge ýardam berýärler.
Ýöne täze bir zat döredilende töwekgelçiligiň paýynyň hem bardygyny bellemek gerek. Täze önüme bazarda isleg bildirilermi? Sarp edijiler innowasiýalara olary döredijiler ýaly baha berip bilerlermi? Şeýle töwekgelçilikleri öz üstüne alyp bilýän telekeçiler biziň döwrümiziň gahrymanlarydyr.
Hut şeýle telekeçileri goldamak üçin 25-nji noýabrda StartUp Academy “Innowasion telekeçiligiň baýramçylygy” atly çäräni geçirýär. Bu çäre az öwrenilen ugurlarda täze mümkinçilikleri görýän hem-de öňe gitmäge taýýar telekeçileri bir ýere jemlär.
Startaplaryň Demo Day bäsleşigi baýramçylygyň esasy çäresi bolar. Bäsleşikde işe täze başlaýan telekeçiler öz taslamalary hem-de innowasion önümleri bilen tanyşdyrarlar.
Bu çärede Startaplar akademiýasynyň 9-njy çalşygynyň uçrumlary öz taslamalary bilen tanyşdyrarlar. Olaryň işläp taýýarlamalary innowasiýalaryň güýjüne ynanýan hem-de täze mümkinçilikleri açyp, ynamly öňe barýanlar üçin ylham çeşmesi bolar.
Innowasion telekeçiligiň baýramçylygy diňe bir senenamadaky aýratyn bir waka bolman, eýsem bizi gurşap alýan dünýämize täzeden garamaga mümkinçilikdir. Siz hem özümiziň döredýän geljegimize guralýan bu syýahata gatnaşyň!
Tomaşaçy hökmünde ýazylmak hem-de çäre barada habarlaşmak üçin şu internet-saýtyna ýüz tutup bilersiňiz.
ORIENT news