Iň täze habarlar

Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adatdan daşary ýagdaýlara göreşmek baradaky edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahaty geçirildi

13.11.2023 | 16:51 |
 Almatyda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adatdan daşary ýagdaýlara göreşmek baradaky edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahaty geçirildi

Gazagystanyň Almaty şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adatdan daşary ýagdaýlara göreşmek baradaky edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýyllyk maslahaty geçirildi.

1 (2).jpg

Forumyň çäginde birnäçe çäreler - bilermenler toparynyň duşuşygy, Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça Sendai çarçuwasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça sebitleýin okuw seminarlary, wekiliýet ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirilip, ýerine ýetirilen işler boýunça hasabatlar berildi.

2 (2).jpg

Her ýyl geçirilýän forumyň esasy maksady, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli edaralarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk etmek arkaly tebigatda bolup geçýän serhetüsti tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini iň ýokary derejede azaltmakda tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr.

3.jpg

ORIENT news

Foto: gov.uz

Şeýle hem okaň: