Saz öwreniji türkmen alymlary Moskwada halkara ylmy maslahata gatnaşdylar
04.11.2023 | 14:52 |Russiýanyň Döwlet kitaphanasynyň saz neşirleri we ses ýazgylary bölüminiň konsert zalynda "Syýasy we medeni giňişlikde milli kompozitorçylyk mekdebini kemala getirmegiň meseleleri" atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Ol türkmen halkynyň beýik kompozitorynyň 85 ýyllygyna bagyşlanyp, Nury Halmämmedow adyndaky "Dutaryň owazy" 7-nji Moskwa halkara sungat festiwalynyň çäklerinde geçirildi. Ylmy-amalay maslahatda Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Russiýadan, Ermenistandan we Hytaýdan belli saz we sungat öwrenijileriniň 36 çykyşy diňlenildi. Şolaryň 25-si Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň professor-mugallymlarynyň çykyşlarydyr.
Çärede "Gelikon-opera" adyndaky Moskwa sazçylyk teatrynyň artisti Darýa Guseýnowanyň we Moswanyň "Dutaryň owazy" halkara sungat festiwalynyň art-direktory, kompozitor Mämmet Guseýnowyň ýerine ýetirmeklerinde Nury Halmämmedowyň sazlary aýratyn öwüşgin çaýdy.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda Darýa Guseýnowanyň redaktorlyk etmeginde "Nury Halmämmedow. Soprano we fortepiano üçin saýlanan saz eserleri" atly saz eserleriniň ýygyndysy tanyşdyryldy. Onuň bir nusgasy Russiýanyň Döwlet kitaphanasyna hem berildi.
Ylmy-amaly maslahatda häzirki zaman saz biliminiň meseleleri, şeýle hem milli saz medeniýetleriniň hem-de kompozitorçylyk mekdepleriniň arasyndaky özara gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.
ORIENT news