Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň milli maslahaty geçirildi
03.11.2023 | 19:55 |Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň milli maslahaty (Local Conference of Youth) geçirildi.
Gibrid görnüşinde geçirilen çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanalary tarapyndan bilelikde guraldy. Oňa 17 - 30 ýaş aralygyndaky ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýaş hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, jemgyýetçilik guramalarynyň meýletinçileri, şeýle hem howanyň üýtgemegi boýunça bilermenler gatnaşdylar.
Milli maslahat Türkmenistanyň ýaşlaryny howanyň üýtgemegi bilen döreýän ýagdaýlaryň derejesini peseltmäge, bu babatda jemgyýetiň arasynda göreş çärelerini geçirmäge ruhlandyrmaga gönükdirildi. Maslahat şeýle hem ýerli ýaşlaryň howanyň üýtgemegi boýunça geljekki hökümetara syýasatyny emele getirmekde mümkinçilikleri artdyrmak, degişli ugurda bilimleri alyşmak üçin amatly meýdança boldy. Munuň netijesinde, geljekde Türkmenistanyň ähli ýerinden bolan ýaş işjeň agzalaryň ulgamy emele getiriler.
Çäräniň ahyrynda Ýaşlaryň milli beýannamasy taýýarlanyldy Onda Türkmenistanda we dünýäde howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça türkmen ýaşlarynyň garaýyşlary beýan edilýär.
Bu çäre BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň ýaşlar topary (YOUNGO) tarapyndan resmi makullanylar.
ORIENT news