Iň täze habarlar

Mukama siňen ömür: Aşgabatda Nury Halmammedowyň ýubileýine bagyşlanan festiwal geçirilýär

27.10.2023 | 17:06 |
 Mukama siňen ömür: Aşgabatda Nury Halmammedowyň ýubileýine bagyşlanan festiwal geçirilýär

Meşhur kompozitor Nury Halmammedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan «Mukama siňen ömür» festiwalynyň açylyş dabarasy, anna güni paýtagtyň Magtymguly adyndaky saz drama teatrynda geçirildi.

Konsert maksatnamasyny Türkmenistanyň Döwlet hory we Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň simfoniki orkestri, kompozitor Daňatar Hydyrowyň sazyna «Garaşsyz Türkmenistan» eseri bilen açdy.

Nury Halmammedowyň «Türkmenistanyň giňişligi» simfoniki eseriniň baý melodiki nagşy konserti dowam etdirdi we tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Onuň «Mukam» skripkaçylar ansambly tarapyndan ýerine ýetirilen «Nagmalar» kompozisiýasy hem hiç kimi biperwaý galdyrmady.

Şeýle hem, konsertde Halmammedowyň beýleki meşhur we söýgüli eserleri hem ýerine ýetirildi. Tomaşaçylar, Türkmenistanyň at gazanan artisti, pianinoçy Wladimir Mkrtumowyň ýerine ýetiren «Dutaryň owazy» kompozisiýasyny uly üns bilen diňlediler.

Festiwal çäreleri Türkmenistanyň ähli künjeklerinde geçiriler. Medeni çäreler, konsertler we artistleriň çykyşlary Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we ýurdumyzyň ähli sebitleriniň döredijilik meýdançalaryny doldurar.

ORIENT news

Foto: HHM

Şeýle hem okaň: