Iň täze habarlar

Aýdymçy Begmyrat Annamyradow Seuldaky ABU TV aýdym festiwalynda Türkmenistana wekilçilik eder

23.10.2023 | 19:06 |
 Aýdymçy Begmyrat Annamyradow Seuldaky ABU TV aýdym festiwalynda Türkmenistana wekilçilik eder

Seulda, 29-njy oktýabrda Ýewrowideniýe meňzeş bolan bäsleşik – Aziýa-Ýuwaş umman ABU TV Song Festival aýdym festiwaly başlar. Aýdym bäsleşigi şu ýyl 12-nji gezek geçiriler we oňa gatnaşmak üçin Günorta Koreýa dünýäniň iň gowy ýerine ýetirijileri geler.

Döredijilik festiwalyna gatnaşýanlaryň atlary eýýäm belli boldy. Türkmenistana iň meşhur türkmen estrada aýdymçylaryndan biri Begmyrat Annamyradow wekilçilik eder. Muşdaklarynyň we diňleýjileriň arasynda ol DJ BEGGA ady bilen tanalýar.

ABU TV Song Festival aýdym festiwaly 2012-nji ýyldan bäri her ýyl geçirilýär. Aşgabat 2018-nji ýylda 7-nji telefestiwalynyň ýerine ýetirijilerini kabul etdi. Sahnada Türkmenistanyň artistleri, şeýle hem Owganystanyň, Indoneziýanyň, Ýaponiýanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Türkiýäniň, Koreýa Respublikasynyň, Hindistanyň, Maldiwleriň, Wýetnamyň, Hytaýyň we Afrika ýurtlaryň estrada aýdymçylary çykyş etdiler.

Aziýa-Ýuwaş umman ýaýlym birleşigi (ABU) telefestiwalyň guramaçysy hökmünde çykyş edýär.

ORIENT news

Foto: Instagram

Şeýle hem okaň: