Türkmenistan Döwlet muzeýiniň direktory TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň ýolbaşçysy wezipesine saýlandy
20.10.2023 | 21:07 |Bakuwda TÜRKSOÝ Muzeýler birleşiginiň 2-nji maslahaty geçirildi, şol ýerde türki dünýäsindäki hyzmatdaşlyk we muzeý işlerini ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem, maslahatda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň müdiri Meretgeldi Çaryýewiň 2024-nji ýylda TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň wagtlaýyn başlygy wezipesine bellenendigini yglan edildi. Bu barada Döwlet muzeýiniň web sahypasynda habar berilýär.
Maslahat Azerbaýjanyň milli haly muzeýinde geçirildi. Oňa Türkmenistandan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Türkiýeden we Özbegistandan 30-dan gowrak hünärmen, şeýle hem, TÜRKSOÝ-yň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň agzalary gatnaşdy.
Türki döwletleriniň muzeýleriniň wekilleri konferensiýada çykyş edip, öz ýurtlarynda muzeý işiniň ösüşiniň tejribelerini we geljegini paýlaşdylar. Şeýle hem, TÜRKSOÝ-yň Muzeýler bileleşiginiň çäginde türk halklarynyň medeni mirasyny gorap saklamaga we wagyz etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň we alyş-çalyşyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň netijesinde TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşiginiň başlygynyň ygtyýarlyklaryny 2024-nji ýylda Azerbaýjandan Türkmenistana geçirmek kararyna gelindi. Munuň sebäbi, Türkmenistanyň Änew şäheriniň 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty hökmünde saýlanmagy bilen baglanyşyklydyr.
TÜRKSOÝ-yň Muzeýler birleşigi, 2013-nji ýylda Türki Medeniýetiň Halkara Guramasynyň howandarlygynda döredilen türk dünýäsiniň muzeýleriniň birleşmesidir. TÜRKSOÝ-yň Muzeýler bileleşigi, türki medeniýetiniň, taryhynyň, sungatynyň we mirasynyň dürlüligini görkezýän muzeýleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmäge we tejribe alyşmaga çalyşýar.
ORIENT news