Türkmenistanyň Prezidentiniň baýragy ugryndaky açyk milli bäsleşik yglan edildi
20.10.2023 | 22:28 |Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugryndaky nobatdaky bäsleşik yglan edildi. Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow bu baradaky Karara anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde gol çekdi.
Resminama laýyklykda isleg bildirýän daşary ýurtlaryň raýatlary hem bu bäsleşige gatnaşyp bilerler. Bäsleşigiň ýeňijileri dürli ugurlar boýunça kesgitlener.
Esasy döredijilik bäsleşiginiň çäklerinde ýaşlaryň arasynda: - “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy”, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda - “Ýaňlan, Dýaryarym!”, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda - “Çalsana, bagşy!” we zehinli çagalaryň arasynda - “Garaşsyz, merjen däneleri” ýaly ýene-de birnäçe bäsleşikler yglan edildi.
ORIENT news