Iň täze habarlar

Aşgabatda nobatdaky ekofestiwal geçirildi

18.10.2023 | 02:27 |
 Aşgabatda nobatdaky ekofestiwal geçirildi

“Ýeri bilelikde goraýarys” ady bilen dynç gününde Aşgabatdaky Bilelikdäki türkmen-türk mekdebinde howa we ekologiýa festiwaly geçirildi. Ol Beýik Britaniýanyň we Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçihanalary, eko-bloger Gülnar Taýjanowa, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri we daşky gurşawy goramagyň işjeň tarapdarlary tarapyndan guraldy.

Aýdymçylaryň çykyşlaryndan, sahnadaky ara alyp maslahatlaşmalardan daşary bu ýerde ekologiýa barada filmleriň görkezilişi, ekologiýa zyýanly täsirleri görkezýän surat sergisi ýaýbaňlandyryldy. Ýaşajyk myhmanlar üçin bu ýerde çagalar oýun meýdançasy göz öňünde tutulyp, ulular üçin eko-önümler, 3D usulynda çap edýän maşyn, robotehnikalar we beýlekiler görkezildi.

Bu ekofestiwal Aşgabatda eýýäm ikinji gezek geçirilýär. Geçen ýylyň oktýabrynda ilkinji gezek geçirilen ekologiýa çäresine 3 müňden gowrak adam gatnaşdy.

ORIENT news

Foto: Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy

Şeýle hem okaň: