Iň täze habarlar

Bathyz goraghanasynda gaplaňlaryň seýrek görnüşi kamera düşürildi

17.10.2023 | 21:38 |
 Bathyz goraghanasynda gaplaňlaryň seýrek görnüşi kamera düşürildi

"NarynTR" ady bilen Türkmenistanda giňden tanalýan ekobloger Bathyz goraghanasynda Gyzyl kitaba giren pars gaplaňynyň maşgalasyny kamera düşürmegi başardy. Ýerli tebigaty surata düşürmek üçin oturdylan kamerada düşürilen gaýtalanmajak kadrlar "X" sosial ulgamynda halk köpçüligi bilen paýlaşyldy.

"Bu gaplaňyň ady Umyda. Ol iň soňky gezek 2021-nji ýylda köpelipdi. Bu gezek ol özüniň 3 çagadan ybarat maşgalasyny 4 günläp kameranyň öňünde goýup gitdi. Gaplaň enesiniň we çagalarynyň arasyndaky ýakymly pursatlar 190 sany wideoşekilde bölünip alyndy" diýip, wideoşekiliň awtory belleýär.

Bu wideoşekiller uly meşhurlyga eýe boldy. Hatda ony Hindistanyň Parwin Kaswan adyndaky Tokaý gullugy soňra NDTV teleýaýlymy hem görkezdi. Türkmenistanda düşürilen bu wideoşekil dünýä jemgyýetçiliginde, hususan-da ekologlaryň arasynda uly seslenme döretdi.

652e0900ee62d284112853.jpg

Häzirki wagtda pars gaplaňlaryna ýitip gitmek howpy abanyp, olaryň goralmagyna aýratyn jogapkärli seredilýär. Gaplaňlaryň bu görnüşi esasan, Eýranda duş gelip, Türkmenistanyň, Kawkazyň, Pakistanyň, Owganystanyň we Russiýanyň günortasynda seýrek ýagdaýda duş gelýär.

2005-nji ýylda hasaba alnyşyna görä, bu görnüşli gaplaňlaryň dünýäde 1 müň 300 töweregi galypdyr. Şolaryň 70 göterimi Eýranyň Eýranda, 30 göterimi hem Türkmenistanda we oňa golaý sebitlerde ýaşaýar.

ORIENT news

Foto: @NarynTR

Şeýle hem okaň: