Türkmenistanda ozon gatlagyny goramak üçin sowadyjylaryň energiýa sarp edişini azaltmak göz öňünde tutulýar
16.10.2023 | 09:06 |Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleriniň Türkmenistandaky edaralarynyň wekilleri Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ozon gatlagyny goramak boýunça edarasynyň ýardamy bilen pudagara mejlisi geçirildi. Onda sowadyjy ammarlarda energiýa sarp edilişini azaltmak we ekologiýa taýdan arassa görnüşe geçirmek mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.
Türkmen tarapy sowadyjy ulgamlaryň dolandyryşy, şol sanda ulanyşdan aýyrmaga degişli käbir sowadyjy ammarlar barada giňişleýin tanyşdyrýan degişli hasabaty hödürledi. Gatnaşyjylar sowadyjy ammar işgärlerini, şol sanda gümrük we serhet gullukçylaryny okatmak boýunça we bu ugurdaky kanunçylyk namalaryny we degişli okuw gollanmalaryny döwrebaplaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Energiýa sarp edilişini azaltmak boýunça hususy kärhanalar hem özleriniň tejribelerini paýlaşdylar. “Sähra” hojalyk jemgyýetiniň wekili sowadyjy ulgamlaryny täze tehnikalar we usullar bilen çalyşmak mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.
ORIENT news