Iň täze habarlar

Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

13.10.2023 | 16:42 |
 Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Geljek ýylyň aprel aýynda Azerbaýjanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Medeni forum Azerbaýjanyň Baku we Genje şäherlerinde geçiriler. Iki ýurduň medeniýet ministrleriniň Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilen duşuşygynda bu boýunça ylalaşyga gelindi.

Iki ýurduň medeniýet ministrleri Bakuwda geçirilen Geýdar Aliýewiň 100 ýyllyk ýubileýine bagyşlanyp geçirilen Türki dünýäsiniň I medeni forumynyň çäklerinde duşuşdylar.

65292d2ee6c65553567454.jpg

Taraplar iki ýurduň ýokary derejedäki hyzmatdaşlygyny we medeni ugurdaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin esaslaryň goýlandygyny bellediler. Gepleşikleriň barşynda iki dostlukly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze ugurlary we geljegi maslahatlaşyldy.

ORIENT news

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: