Iň täze habarlar

Katar Döwleti we Fransiýa 27 ýyllyk gaz şertnamasyny baglaşdylar

13.10.2023 | 17:22 |
 Katar Döwleti we Fransiýa 27 ýyllyk gaz şertnamasyny baglaşdylar

Katar Döwleti Fransiýanyň “TotalEnergies” kompaniýasy bilen suwuklandyrylan gaz ibermek boýunça 27 ýyllyk şertnama baglaşdy. Bu şertnama 2026-njy ýyldan güýje girýär diýip, Katar Döwletiniň energetika kompaniýasy “QatarEnergy” habar berýär.

Iki sany uzakmöhletleýin şertnamalaryň çäklerinde Katar Döwletiniň demirgazyk bölegindäki gaz ýataklaryny paýlaşmak bilen ýylda suwuklandyrylan gazyň 3,5 milliard tonnasyny Fransiýa ibermek göz öňünde tutulýar.

Bellenişine görä, bu şertnamalaryň baglaşylmagy Katar Döwletiniň Ýewropa, hususan-da, fransuz bazary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny görkezýär. Geçen ýyl Fransiýa suwuklandyrylan gazy iň köp import ediji dünýäniň 4-nji ýurduna öwrüldi. Bu babatda ondan öňdäki orunlary Ýaponiýa, Hytaý we Günorta Koreýa eýeleýär. Geljekde Fransiýanyň jemi gaz importynda Katar Döwletiniň paýy barha artar.

Katar Döwleti 2029-njy ýylda dünýäniň suwuklandyrylan gaz sarp edilişiniň 40 göterimini üpjün etmegi maksat edinýär. Şonuň üçin-de köp milliardly taslamalary durmuşa geçirýär. Mundan ozal, Katar Döwleti Hytaýyň Milli Nebit Kompaniýasy bilen 27 ýyllyk şertnama baglaşypdy.

ORIENT news

Foto: dohanews

Şeýle hem okaň: