Iň täze habarlar

Hameleondan ylhamlanan täze örtük ýylboýy binalary sowadyp we gyzdyryp biler

08.10.2023 | 00:45 |
 Hameleondan ylhamlanan täze örtük ýylboýy binalary sowadyp we gyzdyryp biler

Gazylyp alynýan ýangyçlarda işlemeýän alternatiw energiýaly tygşytly ýyladyş we sowadyş tehnologiýalaryny gözlemek işleri güýçlendi. Çölde ýaşaýan hameleona öýkünip, hytaý alymlary öýler üçin energiýa tygşytlaýan örtük döretdiler.

Olar täze material artykmaç energiýa ulanmazdan, binalary tomusda salkyn, gyşda bolsa ýyly saklap biljekdigini aýdýarlar.

"Çöl jandarlarynyň köpüsinde, gündelik temperatura tapawudy bilen kyn şertlerde ýaşamaga mümkinçilik berýän ýörite uýgunlaşmalar bar" -diýip, oýlap tapyşy beýan edýän makalanyň awtory we Harbin Tehnologiýa institutynyň alymy doktor Futsýan Wan belledi. "Mysal üçin, Günorta-Günbatar Afrikada ýaşaýan Namakwa hameleony, howa şertleriniň üýtgemegi bilen bedeniniň gyzgynlygyny kadalaşdyrmak üçin reňkini üýtgedýär."

Hususan-da, jandar ýokary temperaturada açyk çal reňkde bolup, gün şöhlesini serpikdirýär we salkyn saklaýar, soňra bolsa, ýylylygy siňdirmek üçin howa sowandan dessine goýy goňur reňkde bolýar.

Bu täsin ukyp, energiýany has tygşytly ulanyp binalary döretmek üçin uýgunlaşdyrylyp bilinýän passiw temperatura gözegçiliginiň tebigy mysalydyr.

2-2.jpg

Emma sowadyjy boýaglar ýa-da reňkli polat plitalar ýaly köp ulgamlar diňe binalary sowuk ýa-da ýyly saklamak üçin döredilip, režimleriň (pasyllara görä temperaturanyň duýdansyz üýtgemegi) arasyndan geçip bilmeýär.

Namakwa hameleonyndan ylham alan doktor Wan we kärdeşleri daşarky temperaturanyň üýtgemegine uýgunlaşýan reňk üýtgediji örtük döretmek islediler.

Topar termohrom mikrokapsulalary, ýöriteleşdirilen mikroskopik metal bölejikleri we baglaýjylary garyşdyryp, demiriň ýüzüne sepilen ýa-da çalynan asma gatlagyny emele getirdi.

Farengeit boýunça 68 gradus gyzdyrylanda, üstki goýy çal reňk açyk çal reňke üýtgäp başlady. Temperatura 86°F-a ýetende, açyk reňkli plýonka gün radiasiýasynda 93% şöhlelendi.

Doktor Wan: "Bir günüň dowamynda Farengeýt boýunça hatda 175 gradusdan ýokary gyzdyrylanda-da, materiala hiç hili zeper ýetmedi" – diýip, maglumat berdi. Topar soňra dört paslyň dowamynda it ýatagynyň ululygyndaky “binalarda” açyk howada üç sany adaty örtük bilen - adaty ak reňkli boýagda, passiw şöhlelendiriji sowadyjy boýagda we gök polat kafellerda synag geçirdi.

3-2.jpg

Gyş aýlarynda täze örtük passiw radiasion sowadyş ulgamyndan birneme ýylydy, ýöne iki ulgam hem ýyly şertlerde şol bir temperaturany saklaýardy.

“Nano Letters” žurnalynda çap edilen netijelere görä, täze örtük tomusda ak reňkden we polat plitalardan has köp salkyn boldy.

"Bahar we güýz aýlarynda täze örtük, günüň dowamynda ýyladyşdan sowadyşa geçip, duýdansyz temperaturanyň üýtgemegine uýgunlaşyp biljek ýeke-täk ulgam boldy" -diýip, doktor Wan aýtdy.

Alymlar, öndürmeklik aňsat we arzan bolan reňk üýtgedýän bu ulgamyň birnäçe möwsümi başdan geçirýän sebitler üçin "ep-esli" energiýany tygşytlap biljekdigini aýdýarlar.

ORIENT news

Foto: Harbin Institute

Şeýle hem okaň: