Iň täze habarlar

Täjigistanda Galyndylary dolandyrmak boýunça sebit merkezi açylar

01.10.2023 | 21:48 |
 Täjigistanda Galyndylary dolandyrmak boýunça sebit merkezi açylar

Täjigistanyň paýtagty Duşenbede Galyndylary dolandyrmak boýunça sebit merkezi açylar. Bu barada Respublikanyň "Ховар" habarlar agentligi Daşky gurşawy goramak boýunça komitetine salgylanyp habar berýär.

Bu Merkez senagat galyndylarynyň daşky gurşawa, ilatyň saglygyna ýetirýän zyýanyny azaltmakda sebit hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli döwlet edaralarynyň işine ýardam bermegi maksat edinýär. Ol şeýle hem, Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşi boýunça döwletara toparynyň we onuň düzümleriniň işini işjeňleşdirer.

Galyndysyz ykdysadyýet howanyň üýtgemegi we galyndylaryň emele gelmegi ýaly ählumumy wehimlere çözgüt tapmagy, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerine geçmek, senagat taýdan işlemek arkaly döreýän zyňyndylaryň we hapalanmagyň öňüni almagy göz öňünde tutýar.

Durnukly ösüş maksatlarynyň aglabasy galyndylaryň dolandyrylmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Şolaryň esasylarynyň hatarynda ýönekeý hyzmatlara elýeterlilik, suwuň hil derejesini gowulandyrmak üçin zyňyndylaryň öňüni almak, hojalyk zyňyndylaryny pugta dolandyrmak we beýleki wezipeler bar.

ORIENT news

Foto: bangkokbook.ru

Şeýle hem okaň: